2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde Demirgazyk Amerikanyň hem-de Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň käbir adalarynyň ýaşaýjylary Günüň dolulygyna tutulmasyny synlap bilerler. Moskwa Planetariýasyna salgylanýan IXBT.com-nyň habar bermegine görä, ýetip gelýän hadysa “Amerikan tutulmasy” diýilýär, sebäbi onuň dürli tapgyrlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hemme ýerinden görner. Gün tutulmasy aşgabat wagty bilen sagat 21:39-da başlar we iň ýokary faza sagat 23:17-e ýeter, doly fazanyň dowamlylygy 4 minut 28 sekunt bolar. Doly fazada Günüň täjini ýaragsyz göz bilenem görüp bolar, şeýle hem onuň golaýynda ýerleşýän ýyldyzlary we planetalary görmek mümkin bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir