Türkmenistandan 13 ýaşly Liwanur Berdiýewa "Russiýa" teleýaýlymynda "Täsin adamlar" gepleşiginiň gahrymany boldy. Aşgabat şäheriniň 87-nji ýöriteleşdirilen mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy mental arifmetikada ajaýyp ukybyny görkezdi. Birinji synagda Liwanur 50 sekuntda 100 sany iki belgili sany goşdy (olar ekranda sekuntda iki san tizlik bilen peýda boldy), ikinjisinde 200 sany iki belgili sany goşdy (sekuntda 3 san tizlik bilen). Şol bir wagtyň özünde, bu sanlar harplar bilen utgaşdyryldy, olardan hem sitata emele getirmelidi. Liwanur ýumuşlaryň ikisinden hem üstünlikli baş çykardy. "Men çagalykdan şu ýere gelmegi arzuw edipdim we meniň arzuwym hasyl boldy" diýip, Liwanur öz şatlygy bilen paýlaşdy. Çykyşyň dowamynda ony zalda oturan ejesi goldady. Liwanur eýýäm 2 ýyldan gowrak wagt bäri mental arifmetika bilen meşgullanýar. Onuň zehinine mugallymy Döwletmyrat Durdymämmedow - Türkmenistanda MEMORIAD Bütindünýä federasiýasynyň (World Talent Sports Federation) resmi wekili üns berdi. Ol oňa zehinini artdyrmaga ýardam etdi. Bellenilişi ýaly, Liwanur Berdiýewa çalt hasaplamak boýunça Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny goýdy. Okuwçy gyz geljekde Mental Calculation World Cup 2024 (Germaniýa) we MEMORIAD 2024 (BAE) halkara ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etmegi maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir