Amerikaly kinorežissýor, “Ýyldyz söweşijilerini” dörediji Jorj Lukas ýylyň iň baý meşhur adamy adyna eýe boldy. “Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, onuň baýlygy 5,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Ikinji orunda 4,8 mlrd dollar bilen onuň kärdeşi Stiwen Spilberg ýerleşdi. Liderleriň üçlügini öňki basketbolçy Maýkl Jordan jemleýär. Onuň baýlygy 3,2 mlrd dollar. Şeýle-de, kino pudagyna gatnaşygy bolan beýleki meşhur adamlardan reýtinge Opra Uinfri (2,8 mlrd dollar), Kim Kardaşýan (1,7 mlrd dollar) we Piter Jekson (1,5 mlrd dollar) girdi. Ilkinji gezek “Forbes” sanawyna Teýlor Swift hem goşuldy: 34 ýaşly aýdymçy diňe aýdym-sazyň we çykyşlarynyň hasabyna gazanan 1,1 mlrd dollar baýlygy bilen 14-nji orny eýeledi. Öň, Bloomberg 2023-nji ýylda aýdymçynyň 53 konsertiniň ABŞ-nyň JIÖ-ni 4,3 mlrd dollar artdyrandygyny habar berdi. Belläp geçsek, meşhur adamlaryň köpüsi öz baýlygynyň esli bölegini beýleki ugurlardaky işleriniň netijesinde gazandylar. Mysal üçin, Riannanyň Fenty Beauty kosmetika kompaniýasynda we Savage X Fenty brendinde paýy bar. Aýdymçynyň baýlygy 1,4 mlrd dollara barabar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir