Mukaddes Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanda welaýatlarda täze gurlan metjitler açyldy. Täze metjitler: - Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde; - Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň merkezinde; - Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde; - Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesinde açyldy. Häzirki zaman şäher gurluşygynyň, binagärlik sungatynyň täze tejribeleriniň milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylmagynda gurlan metjidiň gurluşyk işlerini ýurdumyzyň hususy kärhnalaryň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze açylan metjitlerinde Tarawa namazlary okaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir