Deni Wilnýowyň “Dýuna 2” filmi 190 mln dollar býujet bilen prokatyň bir aýynyň dowamynda dünýäde 627 mln dollar girdeji gazandy. Kartinanyň premýerasy 1-nji martda boldy. Häzirki wagtda “Dýuna 2” 2024-nji ýylyň iň girdejili filmidir. Onuň ýakyn bäsdeşi – 6-njy martda çykan “Kung-fu Panda 4” 346 mln dollar gazandy. Ikinji “Dýunanyň” sýužeti Pol Atreýdes bilen bagly wakalara bagyşlanýar. Hronometražyň ýene bir möhüm bölegi Zendeýanyň ýerine ýetirmegindäki Çani gahrymanyna gönükdirilýär. Ssenariýa Frenk Gerbertiň 1965-nji ýylda çykan “Dýuna” ylmy-fantastiki romanynyň ikinji ýarymyna esaslanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir