Merjen gyza

Ýazyşdyň inetde ýene arada,
Şeýdip duşuşýarys her pursat, her çen.
Buşladyň ýakynda toýuň barada,
Alnyň-bagtyň açyk bolsun-da, Merjen!

Ýatlamaýyn indi oýun edeniñ.
Ýalan söze meni boýun edeniñ.
Walla gowy bolar toýuñ edeniñ.
Alnyñ-bagtyñ acyk bolsun-da, Merjen!

Her kesiñ ar...

Dowamy »

1663 13
Köneler, 11 years ago


Ejemi ýatlap



Ýigrim bäş ýyl mundan ozal hoşlaşyp,
Gitdiň bu dünýäden bizden daşlaşyp.
Ogluň ýazýar şanyňa goşgujyk goşup,
Alla jaýyň jennet etsin, jan eje!

Birje pursat göz öňümde janlanýar,
Maňa diýp atyzdan zamça ýolanyň.
Bu gün ýada düşse ýürek gamlanýar,
Peýdasy ýok indi tukat bolanym....

Dowamy »

1230 3
Köneler, 11 years ago


Rus gözeli

Bu gün ýolda gördüm rus gözelin,
Geýipdir egnine türkmen köýnegin.
Köýnegi, gözeli bezäpdir has-da,
Keşbini artdyryp, görkün-görmegin.

Zat diýp ýetişmedim sözleri jemläp,
Agzyn açyp seredensoň hemmeler.
Bakanym bilmedim men oňa geňläp,
Wasp etmäge oňa näme deň geler.

Wah, nädeý...

Dowamy »

1312 5
Köneler, 11 years ago


Ykbal yoly

Atasyz, enesiz, gardaşsyz galan,
Oglan soňky gezek bakdy haraba.
Aglardy Rüstemiň atasy Zalam,
Ol bolsa mündi-de döwük araba.

Ýakymsyz jygylda gulagyn asyp,
Keçe düýren ýaly düýrläp ýyllary.
Ähli horluklaryň howuny basyp,
Ýaşady, öwrendi, sökdi ýollary.

Topragun gözüne sürtmäge...

Dowamy »

1471 4
Köneler, 11 years ago


"Pul" Ilmet Gurban

Otyryn aýnaň öňünde,
Daşarda şemal şuwlaýar.
Harasat turýar köňülde,
a, jübimde it uwlaýar.

Puldan ýüregim agyrdy,
Çekýärin indem külpetin.
Myhmançylyga çagyrdy,
Şu gün agşam köne ülpetim.

Seretmezden çagyranna,
Bu gün onuňka gitmerin.
Oň emzikli çagalarna,
...

Dowamy »

1398 4
Köneler, 12 years ago


Gutlaýan eje - goşgy. Ilmet Gurban














Uçursa-da beren ganat perleriň,
Durmuşyň ýoluny men geçe-geçe.
Senden başga eziz ynsan görmedim,
Käbäm, hany-manym, mähriban, EJE!

Beýik gymmatlyklar ýeketäk bolar,
Asman, Watan, onsoň senem ýekeje.

Dowamy »

1867 9
Köneler, 12 years ago


8-nji Mart Gutlag goşgusy








Besdir, sowuk gyşyň tanapyny dart,
Boşat köňlüň jülgesidir, deresin.
Eýýäm bosagada sekizinji mart,
Ýürekdäki doňaklyklar eresin.

Oýunçy men utulaýyn, utaýyn,
Öçüreýin ýadymdaky yzlary.
Gowsy gözel baýram bilen gutlaýyn,
Juwan gözelleri,...

Dowamy »

2124 3
Köneler, 12 years ago


Nury Meredow-goşgy

Kesekileň aýdymlarny geňledim,
Ýa owazy gyryk, ýa sözi gury.
Ýöne seniň aýdymlarňy diňledim,
Aýdymçylaň şasy, soltany Nury!

Arzuwyň mydama ala-ýaz bolsa,
Aladalar gam-hasratlar az blsa.
Meýlis bolsa, şowhun bolsa, saz bolsa,
Eýelärsiň özüň ortany, Nury!

Mydam bolsun saňa ýarany...

Dowamy »

1443 5
Köneler, 12 years ago


Nurmuhammet Meredowy ýatlap

Ýene ýada düşýär, alkyş okaýan,
Nurmuhammet Meret bagşyň hakyçüýn.
Ýalaňaç baglaram perwaz ikiýan,
Nurmuhammet Meret bagşyň hakyçüýn.

Sazlar doňup galdy owazlar çykman,
Asmanlar ýaryldy ýyldyrym çakman.
Kalplar boşap galdy hesretler çekmän,
Nurmuhammet Meret bagşyň hakyçüýn.

Ýo...

Dowamy »

1214 0
Köneler, 12 years ago


Puşman

Söýdüm gözelini gadym Ahalyň,
Aramyzda duşman baryn bilmedim.
Ony söýüp serden geçen mahalym,
Ahrynda puşman baryn bilmedim.

"Men köňli yşkdan doly aşykdym"
çynym bilen söýdüm, soňun saýmadym.
Gije gündiz halys hetden aşypdym,
Ýürekde barymy oňa paýladym.

Men bir misli ýalňyz i...

Dowamy »

1348 3
Köneler, 12 years ago


Ölen söýgi

Söýmişem, Wadaryg,
Bir näzli gyza,
Menden özge bagtly baryn bilmedim,
Arman,
gama batdy söýgimiň yzy,
Şondan bäri ýylgyrmadym, gülmedim.

Saýdymy açmasam hem günüm ötmez,
Ignora etsem-de ýüregim etmez.
Göz öňümden gitmez, gaýratym ýetmez,
Mahal-mahal ajy şerap ýelmedim.

Dowamy »

1525 6
Köneler, 12 years ago


Týug

ýanyp bişip ýardan göwnim sowady,
göterlen tüssämem ýardan sowady.
has aňyrdan eken onuň sowady,
bir gamly dessana dönderdi meni.

ýar sogrup ýüregmi eline aldy,
ýürekden akýan gan şapak deý aldy.
söýenim kastyma çykan bir a:ldy,
toz edip asmana gönderdi meni.

salgym deý süýnüp...

Dowamy »

1158 1
Köneler, 12 years ago


Ikä bölünmek

durmuş meni tygsyz,
hiç bir därisiz,
ikä böldi.
bir göwrede jaýlaşdyk,
galyndysyz.
ýöne şondan bärisi,
ne salamlaşdyk biz,
ne-de çaýlaşdyk.
diňe il gözüne-
biz-bir-jan,
bir-ten.
pynhan syrymyzy gizleýäris bek.
hamala,
ýewropaň aziýa bilen,
dünýäň göwni...

Dowamy »

1195 0
Köneler, 12 years ago


Men-kim?!

men-kim?!
men-gadymy köneürgençli,
gaýdywsyz ruhumyň gazabyn syzýan.
ýene-de goşgyma atanak çekip,
setir-setir sözlem üstüni çyzýan.
täzeden girişýän näçenji gezek,
ahyry janlanýar hakydam, ýadym;
sessiz sykylyklap awuly peýkam,
ýüregim paralap, tüwdürýär badym.
töwerege ýaýran,
...

Dowamy »

1309 6
Köneler, 12 years ago


çingiz aýtmatow bilen duşuşyk

çingiz aýtmatow bilen duşuşyk


bolupmy-bolmanmy bilemok aýan,
ýöne eşdişim deý eýläýin beýan.

söýenmiş bir talyp jedeli gaty,
ýatlanylsa dünýä edebiýaty.

puşkiniň muhammet pygamber hakda,
iň ajap goşgusy ýaşyryn çakda.

gürrüň tapyp gizlin syry paş eýlän,

Dowamy »

1421 3
Köneler, 12 years ago


Kim aýdar

kim aýdar

günler aýa, ýyla döndi aýlaram,
indi barha yhlaslarym kem gaýdar.
arman babaň mazarynda jaýlanan,
söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!

duýmadyň, syzmadyň ýa-da düşmediň,
baýramdan baýrama ýada düşmedim.
ýolda ýolukmadyň, hiç görüşmediň,
söýgim diri di...

Dowamy »

1449 7
Köneler, 12 years ago


Nusgawy äheň

Nusgawy äheň

egsilmezdir, eşretleri eremiň,
nika bozman bile ömür sürşene.
ýöne bir biwepa göwün bereniň,
suw beren ýalydyr ajy türşege.

çuňdan syzlar göwnüň intizarlygy,
peslikdendir giň dünýäniň darlygy.
gül dälmidir süýji sözleň barlygy,
ajy sözler barabardyr...

Dowamy »

1427 7
Köneler, 12 years ago


Söýgi hakynda erteki (hekaýa)

Giriş
Bir ýigit uly şäherde wagtlaýyn ýaşaýyşyny dowam etdirmek üçin giň howlynyň iň töründe, haja...

Dowamy »

4577 3
Köneler, 12 years ago


Sarygamyş köli. ir bahar

tenime siňdirip güneşiň nurun,
ir guşluk kenarda gaýşaryp durun.

gözýetimde ýuka ümür ýüpek deý,
tolkun atyp diýýär: "şeýle köýnek geý!"

kerepleşen suwotular bugarýar,
gyjyndyrjy bir ys burnuma urýar.

ownujak tolkunlar tolgunýar biraz,
şowhun berýär kölüň jygyldygna ýaz.
...

Dowamy »

1227 1
Köneler, 12 years ago


Umyt

Umyt Garaýyş ters, Söýgi biwepa çyksa,...

Dowamy »

1168 3
Köneler, 12 years ago


Goşa guw

Dökülip, tüsse deý çal ýapraklary,
gyzyl monjuk dakynanda igdeler.
ýowuz gyşdan gelden dyzmaç çapara,
baglar solup, başlaryny egdiler.

ak guwlaram uçup gitdi gykuwlap,
has öňünden gaçyp sowuk pajygaň.
ýöne goşa guwuň göçden galanna,
haýran boldy köpi gören pajyman.

hasam haýran...

Dowamy »

1137 0
Köneler, 12 years ago


Ylham

diydin: "mundan artyk chydap biljek dal, duygularyn owrulipdir endige!" onson jogap talap etmeyan sowal, garashmazdan gatlardaky sandyga, ashak inip gitdin basganchaklardan, kalba chumdi uzyn inche okjeler, gaharymy zordan basyp sakladym, "Senin isleyanin menden okdeler"...

Dowamy »

1231 2
Köneler, 12 years ago


Chingiz aytmatow bn dushushyk. (ya-da edebiyatyn jankoyeri)

Bolupmy-bolmanmy bilemok ayan, yone eshdishim dey eylayin beyan. soyenmish bir talyp jedeli gaty, yatlanylsa dunya edebiyaty. pushkinin muhammet pygamber hakda, in ajap goshgusy yashyryn chakda; gurrun tapyp gizlin syry pash eylan, kude garayyshy chalam-chash eylan;...

Dowamy »

1126 0
Köneler, 12 years ago


Ene dilim

git, otur, et, unut, yaly duyp ishlikler hazirki zaman ishligini kabul edenlerinde olaryn sonundaky-t dymyk chekimsizi achyk-d sesine owrulyarler. netijede etyan, gityan, unutyan dal-de edyan, gidyan, unudyan. mahal-mahal turkmen dilinin orfografiyasyna hem ser salmagy unutman.

Dowamy »

1110 1
Köneler, 12 years ago


Tomus gijesi


tomus gijesi

tomus gijesi,
dasharda yatdym.
Derrew yitiren,
zadymy tapdym.

Asman haly dek,
nagsh edilen.
Tasin goz gypyp,
bakyar yedigen.

Ak mayan yoly,
otupdir kerwen.
Gijä galypsyñ,
hatañy öwren.

Gûlýaka...

Dowamy »

1262 2
Köneler, 12 years ago