Bolupmy-bolmanmy bilemok ayan, yone eshdishim dey eylayin beyan. soyenmish bir talyp jedeli gaty, yatlanylsa dunya edebiyaty. pushkinin muhammet pygamber hakda, in ajap goshgusy yashyryn chakda; gurrun tapyp gizlin syry pash eylan, kude garayyshy chalam-chash eylan; nirde tasirlendi hayyamdan londan, bilesi gelenler sorarmysh ondan. mahal-mahal mugallymam din salan, onun janyn yakyshyna gen galan. gowsy, gepin tummek yerin aydayyn, munun uchin sozbashyna gaydayyn. gechen asyr, segsen uchinji guyzun, pagta yygymyna jemlenen guyjun; gyzgalany has depgine gechende, goshmacha komege matach tejen-de; onson talyplaram orup partadan, undan boshan haltalary pagtadan; doldurmaga girishenler char yandan, ses-uyn yokmush yaltanyandan, aryandan; yada dushenokmysh okuw, bashga zat, yone shol gunlerde eziz ashgabat; dur sachdyryp milli gowher gashyny- pyragyn iki yuz elli yashyny; jar chekdirip ginden belleyan eken, mahsus, goshgyn bagy gulleyan eken; magtymgulyn shygryn yurekden soyen, her pursatda ona sarpalar goyan; chingiz aytmatow hem geljekmish hokman, nahili dushushyk, yashasyn ykbal! yone dyzasa-da okumysh talyp, duzguni berk berchinlapdir dar galyp; "pagta yygymyndan gitmek gadagan..." barybir ol islegine sadaga. towekgellik edip arzyly bagta, otla munup, jyranmyshyn paytagta. emma chingiz aga galman merkezde, halypanyn dogduk yeri gerkezde; gatnashanmysh dabaralan baryna, buysanyp adamzat akyldaryna. sheydip, talyp ona satashyp bilman, ertesi armandan ozune gelman; gaydan zahmet bilen joshyan mekana, durli jogap toslap hyrsyz dekana. ol soranmysh salam alman bada-bat: "chingiz name diydi, aytdy name zat?" talyp degshen, yuwjak bolup hatasyn, " "berekella!" diydi, aldym patasyn" bolupmy, bolmanmy bilemok ayan, yone eshdishim dey eyledim beyan. Ilmet gurban 16.03.-22.04-2011 yyl

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir