tenime siňdirip güneşiň nurun, ir guşluk kenarda gaýşaryp durun. gözýetimde ýuka ümür ýüpek deý, tolkun atyp diýýär: "şeýle köýnek geý!" kerepleşen suwotular bugarýar, gyjyndyrjy bir ys burnuma urýar. ownujak tolkunlar tolgunýar biraz, şowhun berýär kölüň jygyldygna ýaz. arly gyşyň soňsuz azaryn aýran, guşlaryň meýlisi bazarmy-baýram?! olaň has uzalan boýunlary-geň, söýgüden ganmaýan oýunlary-geň. tans oýnap bir çarlak başyny egýär, ganatyny gerip "taýyna degýär" ol näz edýär, beýlekisi-kereşme, bagtdan sermest, ýöne göwünler-teşne. has gabanjaň aşygynyň boluşy, kowýar golaý gelen üçinji guşy. galkyp-inip asman-zemin arada, guşlar owaz edýär söýgi barada.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir