Besdir, sowuk gyşyň tanapyny dart, Boşat köňlüň jülgesidir, deresin. Eýýäm bosagada sekizinji mart, Ýürekdäki doňaklyklar eresin. Oýunçy men utulaýyn, utaýyn, Öçüreýin ýadymdaky yzlary. Gowsy gözel baýram bilen gutlaýyn, Juwan gözelleri, eziz gyzlary. Gyzlar, gyzlar, gözel gyzlar, Owadan mähriban uzlar. Kalbyňyzda galmawersin, Owal-ahyr gatan buzlar. Mähriban hoş gylyk, iň gymmatly zat, Ony barlyk size bagş eýlemiş. Gedem bolmaň ýigitlere dakyp at, Diýmäň: "Ol eýlemiş, bu-da beýlemiş!" Galanynam Dädem Gorkut söýlemiş: Durmuşyňyz bagül bolsun, Bagtyňyz meňzesin ýaza! Ýüregiňiz joşa gelsin, Aşyk bolup aýdym saza! Çynym, siziň hemmäňizi söýýärin, Taýyn mydam maksadyma ýetmäge. Ýöne ömrüm, söýgüm, ýeter diýýärin, Ýalňyz biriňizi bagtly etmäge. Şahyr Ilmet Gurban.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir