Ýigrim bäş ýyl mundan ozal hoşlaşyp, Gitdiň bu dünýäden bizden daşlaşyp. Ogluň ýazýar şanyňa goşgujyk goşup, Alla jaýyň jennet etsin, jan eje! Birje pursat göz öňümde janlanýar, Maňa diýp atyzdan zamça ýolanyň. Bu gün ýada düşse ýürek gamlanýar, Peýdasy ýok indi tukat bolanym. Bir demde şol pursat uly bolsadym, "Eje, dur bir minut, azar edinme" Diýip--zamçajygy özüm ýolsadym, Monça borduň, işi şojagaz edenme. Bolan bolsaň bu aýatda, ýanymda, Bagş ederdim saňa elde barymy. Sen hakda pikirlem heniz aňymda, Kä-te ýada düşüp, çekýän zaryňy. Sen ýanymda seredýärdiň guwanyp, Oýnaýakam gawun atyzda, joýada. "Bol, çyk oglum, öýe girjek suwaryp", Diýipdiň: "Köp giriberme oýa-da" A men bolsa jogap gaýtaryp bilmän, Seredipdim, gaharlanyp ýüzüňe. Diýen dek: "Çykmaryn, zamçany ýolman", Güýjüm ýetmese-de entek özüme. Çaga--çaga bolýa, sen ony bilýäň, Ak ýa gara, ajy-süýji bilmesem. Aňym çatan bolsa eger şol pursat, Eje, seň kalbyňy bilip üzmesem. "Ölä aýan, dirä güman"-diýleni, "Eje bagyşla!" diýsem alnyňa barar. Dünýäde bir ynsan, ynsana ýakyn, Taý ýokdyr deňäre enä barabar. ***** Heniz iki ýaşda aýrylamsoň men, Käbäm, hany-manym, janym ejemden. Agyr zat ýok diýip pikir edýärin, Bu dünýede ejesiz ýaşap geçenden. Hususy döredijilik. Berdigylyç Arazgylyjow

Köneler, Patron tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir