ýanyp bişip ýardan göwnim sowady, göterlen tüssämem ýardan sowady. has aňyrdan eken onuň sowady, bir gamly dessana dönderdi meni. ýar sogrup ýüregmi eline aldy, ýürekden akýan gan şapak deý aldy. söýenim kastyma çykan bir a:ldy, toz edip asmana gönderdi meni. salgym deý süýnüp ýön garaba-gara, ruhum köýük boldy garga deý gara. ne gözel oglandym kalbyma gara, goy-a öz günüme-gussama meni. şat başlanan söýgim hasrata ýazdy, durmuş maňa gyşdy, yar üçin ýazdy. şeýtdi-de, adymy gam içre ýazdy, ýetirmän al elwan bossana meni!

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir