Kesekileň aýdymlarny geňledim, Ýa owazy gyryk, ýa sözi gury. Ýöne seniň aýdymlarňy diňledim, Aýdymçylaň şasy, soltany Nury! Arzuwyň mydama ala-ýaz bolsa, Aladalar gam-hasratlar az blsa. Meýlis bolsa, şowhun bolsa, saz bolsa, Eýelärsiň özüň ortany, Nury! Mydam bolsun saňa ýaranyň gülki, Toýda hemmeden öň idelen ilki. Şübhäm ýok, zehiniň hakdandyr belki, Nirden owazlaryn fontany, Nury! Başdan saýlap sen sungatyň ak ýolun, Belli boldy il göwnini ýykmanyň. Perişdeler eçilende ykbalyň, Aýdymdan urupsyň oljany, Nury! Aýdymlaryň ýüreklerde seýl eder, Seni eşdip bilbillerem meýl eder. Owaldan şeýledir, öňden şeýledir, Pirleriň halany, goldany, Nury! Berdigylyç Arazgylyjow ýa-da Patron. 2010-18-06

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir