Söýmişem, Wadaryg, Bir näzli gyza, Menden özge bagtly baryn bilmedim, Arman, gama batdy söýgimiň yzy, Şondan bäri ýylgyrmadym, gülmedim. Saýdymy açmasam hem günüm ötmez, Ignora etsem-de ýüregim etmez. Göz öňümden gitmez, gaýratym ýetmez, Mahal-mahal ajy şerap ýelmedim. "Seňki!" diýdi, galat çykdy wadasy, Gam içre gark boldy söýgiň adasy. Ýa şeýlemi öňden yşkyň kadasy, Nädip aýralygy boýun almadym?! Nowjuwan ýigitler, şadyýan gyzlar, Söýgi hakda açsa owadan sözler. Gulaklam ynanmaz, Ýüregim dözmez, Telbelikden hiç özüme gelmedim. Ne öli, Ne diri? Çykmyşam sandan, Men kömek isläýin haýsy ynsandan? Ýanyp=bişip, tozup, Diýdim: "Ýansaň-ýan!" Entegem hasratym biraz ýülmedim. Gynandy ýat iller, Keseki ýurtlar, Gökden ýyldyz süýndi, Uwlady gurtlar. "Geçmiş bolsun!" diýdi, Arkadaş türkler, Ýar mekanna gaýdyp gelebilmedim. Berdi, döndi juwan kalbyň mazara, Janyň ýanyp küle, teniň azara. Deň duşlarym meýlis gursa öz-ara, Men söýgimiň ölen günün belledim. Berdigylyç Arazgylyjowyň başdan geçirmesi.(Bolan waka) 2010-27-11.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir