Otyryn aýnaň öňünde, Daşarda şemal şuwlaýar. Harasat turýar köňülde, a, jübimde it uwlaýar. Puldan ýüregim agyrdy, Çekýärin indem külpetin. Myhmançylyga çagyrdy, Şu gün agşam köne ülpetim. Seretmezden çagyranna, Bu gün onuňka gitmerin. Oň emzikli çagalarna, Öňkim deý sowgat etmerin. Ýatdan çykdy duşuşygam, Hemme zatda pul derwaýys. Mugtuna ýanmaz yşygam, Bar zat karz bilen haýyş. Zat ýok gursagy tüýlüleň, Ylganyna, çapanyna. Janym ýanýar hytaýlylaň, Puly oýlap tapanyna. Hereket togtatsa puly, Meň üçin uly jahan dar. A, kime görüner uly, Koplerem bolar zada zar.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir