durmuş meni tygsyz, hiç bir därisiz, ikä böldi. bir göwrede jaýlaşdyk, galyndysyz. ýöne şondan bärisi, ne salamlaşdyk biz, ne-de çaýlaşdyk. diňe il gözüne- biz-bir-jan, bir-ten. pynhan syrymyzy gizleýäris bek. hamala, ýewropaň aziýa bilen, dünýäň göwni üçin guçuşuşy dek. meniň aňym-sowuk, oň gany-gyzgyn. onuň ýoly başga, başga meň köçäm. ol juda köpbilmiş, men bolsa syzgyr. barybir, galmaly bolduk ikiçäk. özümi okladyk ýumşak diwana, ters öwrülip, yüzüm tutup diwara, oň soragna jogap berip başladym. "ne sebäpden sen söýmegi taşladyň?" "kim aýtdy? söýýärin, ýazýaryn goşgy, lowladýan kalbymda tutaşan yşgy" "eger galan bolsa kalbyňda niýet, soňky günleň duygularny beýan et!" "diňle!"-diýýän, "ýaňy aňlap başladym, dyzyma çökmegi öwrendim ýaňy. indi syzýan, yuwaş-yuwaş özgerýän. indiki durmuşda,täze ömürde, başga hili ýaşajagma söz berýän. ajyny-süýjini bilerin datman, duyaryn pürkmezden atyryň ysyn. söýgiň diňe nädip döreýänin däl, aýdarynam, eýsem, dowamyn-yzyn" "gülkünç. ýöne bary hiç zat" "ýok, hiç däl! seniň pikirinçe, goşgy-da iş däl. güm bol! süýnüp ýörmän kölege deýin". "gel, gowsy, men saňa kömek edeýin.". "senmi kömek etjek?!" men ony wurdum, goý, gaýtawul bersin olam başarsa. şol gije ýene-de düşekden turdum, göwnime bolmasa, biri daşarda, adym tutup, aglap duran ýalydy. biri ony baglap duran ýalydy. sowuk aýna ýüzüm sürtüp, melul-melul, haraý-haraý, üşertdimde gulaklarmy, gözlermi çöňňeltdim men garaý-garaý. emme aňyrsynda, garaňky aýnaň, hiç kim ýokdy. diňe şuwlaýar baglar. alysda bulutlar soňuny saýman, bugaryp, burugsap göçüp barýarlar. ýyldyzlar meňzeýär çilim közüne, kim ol? neçüýn adym tutup çagyrdy?! ah, birden men, haýpym geldi özüme, birden meň özüme nebsim agyrdy/

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir