"görogly" eposyna girish.

Tûrkmeniñ dûzûne bägûl getirdi,
ýazlar.
Bägûliñ ysyndan bashyñ aýlanyp,
serhosh bolup giden,
ýûrek ýarylar.

Tûrkmeniñ dûzûne yagysh getirdi,
ýazlar.
Gögûñ gûmmûrdisi-bu elhenç däl-de,
ol hökmany eshdilmeli owazdyr.

Ýazda häli-shindi geler öýlänchi,
sähralar ýuwuna...

Dowamy »

1151 3
Köneler, 12 years ago


Ajy aýralyk-bolan waka

Dört ýyl öň, kakamjan çykdy aradan,
Ýalňyz ogul-ornun tutarsyň öýdüp;
Süýji arzuw edip geljek barada,
Arkadag hasaplap, biz seni söýdük!

Indi umytlardan elleriň dart-da,
Ajy göz ýaşlardan gözleriňi syl.
Gutardy ýigrimi üçinji martda,
Barysy ikimüň on birinji ýyl.

Kenarynda agyp...

Dowamy »

1683 21
Köneler, 12 years ago


ÝYLLAR

göze görünmeýän jadygöý dälmiň?
men saňa uzadýan ellerim, ýyllar.
söýgi ummanynda gark etdi gämim,
yşk atly däliräk ýelleriň, ýyllar.

üýtgedýäň durmuşam, aňam, göwrümem,
düýş etdiň saçlarmyň ösgün döwrünem.
ony şäher gyrtyjyna öwrübem,
taşlanok gaýçysyn dellegiň, ýyllar.

bolsa-...

Dowamy »

985 0
Köneler, 12 years ago


Jüneýit hanyň iç gepletmesi


eý biribar,
huzuryňda arzym bar!
nämeda meň geçilmesiz ýazygym.
küpür gürlemäýin, çäksiz parzym bar,
däl-ä ýogsam, gara gaýgym azygym.

ýa bähbit arasam goşsunlar kündä,
aýtsynlar aýbymy, assynlar dardan.
ýöne artyk munça jebriň bir bendä,
ölüp bilmän ýörkäm, öň köýen ardan.

Dowamy »

2425 17
Köneler, 12 years ago


Dileg

däde, mellek ýere ekeli pisse,
bilýän, ýogsa ir ýetişýär kädiler.
bahar geçip,
güýz sowulyp,
gaz gitse,
ömrümizem bir ujundan gädiler.

öz düýşiň deý, salymy ýok pasylyň,
geçer gider adam guşluk çaýlasa.
görmesek-de, berjek süýji hasylyn,
gow-a, gülläp, özgä şatlyk paýlasa.
...

Dowamy »

960 0
Köneler, 12 years ago


Nurmuhammet meredowyñ ýagty ýadygärligine.

nurmuhammet meredowyñ ýagty ýadigärligine bagyshlanýar.

Nadan pelek,
namart pelek,
aç pelek,
gözûñ aýdyñ eliñ geldi ýene-de.
Kim ol saña diýjek edeniñ telek,
at okuñy sen onlukdan çene-de.

Bu gûn guma gardyñ saýrak bilbili,
solsun gûller, hem gurasyn gunçalar.
Wasp edip...

Dowamy »

1080 1
Köneler, 12 years ago


"şasenem-garyp" dessanyna sözöňi

çöp-çalamyň arasyndan saýlanan,
ýaz otuna öwşün atýar baýyrlar.
şu gun türkmen sährasyna aýlanan,
arly ýyllap argynlykdan aýrylar.

başyny sämedip ýazyň ysyna,
gözellige gark bolupdyr bossanlar.
gülälekleň güllerini diýsene,
ýyldyzlar gaçypdyr agşam asmandan.

süňňüň söklüp barýa...

Dowamy »

1585 3
Köneler, 12 years ago


Bagt gözlegi



dostlar halys ýadadym,
sallahlygyň derdinden.
taňrym özüň dyndargyn,
beýle ýowuz şertiňden.
deň-duşlarymyň bary,
boldy işikli-öýli,
dostlarym ýakyp gitdi,
meni ilkinji söýgi.

söýdüm ikinji gezek,
klasdaşym maraly.
olam gaçyp zut gitdi,
kamersantmyş...

Dowamy »

1325 4
Köneler, 12 years ago


Mazarystanlykdaky oýlanma

çary ýegenmyradowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar

dünýeler çöküpdir,
düşläpdir kerwen,
ägirt giň düşelge-
hemmä ýer ýetjek.
niýetleri göçjek ýalydy derrew,
kim bilýär,
gör, haçan hereket etjek?!

aramgäh sowuk däl, ya-da petiş däl,
ýaşap ýadanlara ýatmak...

Dowamy »

1063 1
Köneler, 12 years ago


Atlar çapyp barýar



atlar çapyp barýar, toýnaklar gyzyp,
dünýäň gursagyna darak kakýardy.
daş ýaran ykbala ynamy syzyp,
uçup barýan bedewlere hak ýardy.

aýlawa bezegdir olaň topbagy,
baryna deň pata berdi oguzlar.
nallar daşa öwrüp, zyňýar topragy,
şemallary ýaryp geçýär omuzlar.

t...

Dowamy »

1028 0
Köneler, 12 years ago


Gudratly söygi

köchäniñ her gapdalynda bir daragt ösûp otyrdy. Olar ösûp, ho-ol yokarda bir yerlerde biri-birlerine tarap shaha yayradyp, gujaklashyp, chyrmashyp bashladylar. Bu yagday kocheden gechyan uly yûk ulaglaryna päsgelchilik doretdi. Onsoñ adamlar daragtlaryñ chyrmashan gollaryny kesdiler. Emma sähel salymdan olar täzeden gol yayradyp öñkilerindenem has...

Dowamy »

1072 3
Köneler, 12 years ago


10-ýyllyk



10-ÝYLLYK

ondan bäri eýýäm on ýyl geçipdir,
göwnüme bolmasa ýaňydy, ýaňy.
gulagymda ýaňlanyp dur henizem,
mekdep ýyllarymyň iň soňky jaňy.

hawa, şondan soňra pytradyk gitdik,
ýatladyp sülgüniň jüýjelerini.
ondan bäri geçen günizlerimi,
ondan bär...

Dowamy »

1262 7
Köneler, 12 years ago


Ilmet gurban




*****

Zehinim dyňzaýar çarpaýa galyp,
ýürek karar tapar gozasa şu gün.
bitarap ilimiň ilçisi bolup,
razy men gitmäge dowzaha şu gün.

şu gün iliň akymyna goşulup,
men keseki däldigime begendim.
onuň beýik akylyna goşulup,
aýdym ýazsa...

Dowamy »

1419 10
Köneler, 12 years ago


Iberilmedik hat












Iberilmedik hat

näçe ýyllap men aýgyda gelmedim,
wagt bejerer öýdüp ýürek awusyn.
ahyry şu haty ýazman bilmedim,
täleýimden uçup giden tawusym.

barybir, adybir görküň unutman,
şol günem ýadymd...

Dowamy »

1205 7
Köneler, 12 years ago


KANUNALAÝYKLYK



Kanunalaýyklyk

Bir bende daglarda ýaşap,
Miweli bag görmän eken.
Bir gün oňa dagdan aşak,
Jülgä düşmek nesip çeken.

Jennetmişin nirä baksa,
Gara baglar doly heňmiş.
Ýazlyp ýatan ýaşyl bakja,
Aslyp duran hozlar geňmiş.

Ahmyr edipdir...

Dowamy »

1750 25
Köneler, 12 years ago


XXI asyr we internet

XXI asyry internetsiz göz öñûne getirmek mumkin dal. Dine bir banka ya-da syyasy dolanyshyklar däl,
eysem adamlaryñ gatnashyklary-da internede uygunlashyar. Sanlyja yyl mundan ozal geñ-täsin gorunen zatlar ýoñ bolup gitdi. Indi biz öz durmush tayymyzy-da internetden gozlemage howes edyas. Name uchin? Gunde gatnashyp, gorup yoren adamlarymyzy...

Dowamy »

1152 3
Köneler, 12 years ago


Talyp ýyllary


Talyp ýyllarym

Yza dolasadym, bolsady öwrüm,
Bu durmuşyň çarkandykly ýollaryn.
Ömrümde bagtyýar, nowjuwan döwrüm,
Ah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym.

Ýaşadym umumy ýatak jaýynda,
Boldy kreý töläp ýaşan aýym-da.
Sag bol, ornum boldy bagtyň paýynda,
Ah, taly...

Dowamy »

1952 22
Köneler, 12 years ago


Türkmen gyzy


Türkem gyzy

Türkmen gyzy bilen tanyşdym şu gün,
Ýaşasyn mail agent, Hudaýa şükür.
Oň türkmençe bilmeýänem hiç weli,
Öz ene dilinde edenok pikir.

TW hem Radio, gazetlerimiz,
Walla onuň piňine-de dälmişin.
Bred Pitt, Raýy hem Tarkany tanaýar,
Diýdim me...

Dowamy »

1443 11
Köneler, 12 years ago


Poyema-Söýginiň dartyş güýji

SÖÝGINIŇ DARTYŞ GÜÝJI

1. Yşk

Seni gözlemedik ýerim galmady, Maşrykdan agtaryp, magrypdan çykdym. Hyýalymda elwan yaglyk galgady, Käkilli gözeliň göwnini ýykdym.

Çagalykdan maňa höwrügen gyzyň,
Owadan ýüregniň yhlasy bardy....

Dowamy »

1365 7
Köneler, 12 years ago


Ahyr zaman näme?

Salam! Bagyşlaň öte geçýän ýerlerim bolsa öňünden ötünç soraýan. Şu ýerde özümiň pikirlerimi ýazmak isledim.

2012-de ahyr zaman bolýa, aý ol eýle bolýa, bu beýle bolýa diýýäler weli näme üçinka. Men bir zady bilýän kim ölse şonuň başynda ahyr zaman. Ol belli zat. Ýöne ahyr zaman bolman näme boldy. Bir adam müň adam üçin, müň adam bi...

Dowamy »

1662 8
Köneler, 12 years ago


Oglan bilen gyzyň dostlugy barada

Salam agzalar, dostlar, tanyşlar!
Oglan bilen gyz dost bolup bilermi? Içki pikirinizi we garaýşyňyzy aydyp komek edeip bilersiňizmi!?

Meselem men köp gyz bilen tanyşdym, Ähmiýeti barmy milletiň, ýaşyň. Mydam çynym ýazmaklyga çalyşdym, Dost bolup, ýer berdim üstünden gaşyň.

Dowamy »

3300 112
Köneler, 12 years ago