Giriş Bir ýigit uly şäherde wagtlaýyn ýaşaýyşyny dowam etdirmek üçin giň howlynyň iň töründe, hajathananyň golaýynda dikeldilen ýeke otagy kireýine alypdyr. Täzelikde gullugyny bitirip gelen esgere indi iki ýyl mundan ozal mugallymçylyk ugrunyň birinji ýylyny gutaryp giden okuwyny dowam etdirmeklik garaşýan eken. Ol çagalygyndan ile ýük bolmaklygy halamansoň, häzirem orta gurpda ýaşaýan ene-atasyndan pul sorap, islegine görä, harç edip bilenokmyş. Şoňa görä-de, kireýine alan otagy gaty darajyk bolup, hat-da, aýakgabyňy daşarda çykaryp, içerik gireniňde-de gözleriňe giňişlik ýetenok diýýär. Onuň köne diwarlarynda haçandyr bir wagt kakylyp, soňam sogrulyp taşlanan çüýleriň yzlary arylar girip-çykybermeli öýjük-öýjükmiş, siňekleriň hajatyndan ýaňa şepbikleşip, asyl durkundan galňan petigi-de harap eken, sähel ýel tursa ýa-da ýagyş ýagsa, sütünleri lagşap, myhlary poslan galaýy üçek şakyrdap ses edýär. Ýigit birnäçe günlik gara zähmetini sarp edip, ýaşaýyş şertlerini kada laýyklaşdyrdy, elbetde, öz hasabyna, çünki ol başgaça bolmalydyr öýdüp pikirem etmeýärdi, hojaýyn aýalam özünden bilip onuň kreý töleginden gaýtarjak bolmady. Bi- hiç, gürrüň edeniňe degmeýän ownujak zat bi. Esasy zat, okuwa geýere ýekelaý täze eşikleri bar, ol olary ütükläp, epläp, eginbaş asgyjyna geýdirip, üstüni-de ortükläp goydy. Iki hepdeden bir gezek şenbe güni agşamlyk ýuwup, bazar güni irden ütüklese bir möwsümi arkaýyn sowar. Öýde geýýän eşikleri bilenem entek oňuşsa boljak. Gowuja okasa, indiki ýarym ýylyň talyp haklarynyň birinden, belki, täzelese täzelärem. Telewizor hem häzirlikçe işläp dur, könelipdir ýöne, onuň ýensesinde oturyp gorkezilýän kinolaryň diňe seslerini diňläp bolýar, çünki indi gapagy galmadyk zibile zyňylmaly gapyrjak hemişe ujy gyzdyrylan kebşirleýji bilen çukalap oturmasan, sesem çykarjak bolanok. Emma bu onuň piňine-de däldi. Başyny dik tutup, derwezeden çykardy-da, adamlaryň hümerinde ýitip giderdi. Howlukmaçdy, hamala, haýsydyr bir göze görünmeýän güýç arkasyndan itekläp ýören ýalydy. Ýöne gaty ünüslidi, bir görseň, goňşularyň daşky haýatynyň öňünde nahilidir bir gurluşykdan artan üýşmek çägesiniň üstünde oýnap oturan balajyk bilen degişýär, ýel berilip çişirilen ýaly keltekçede, baş gaby eňeginiň aşagyndan daňylan körpe-de jykyr-jykyr gülüp, çapak çalýandyr. Bir gorseňem çugutdyryp titreýän kepderini aýalarynda ýyladyp, derwezeden girip gelýär. -Ol-ýokançly! -Hojaýyn aýal ellerini bykynyna urýar. - Meniň çagalarym bar. -Siz howatyrlanmaň, bikäm! Men ony otagymdan çykarmaryn. -“Otagymdan“... -Hüňürdi ol tä öz külbesine sümülýänçä dowam eder. Aslynda, ol nätanyş bilen kyn öwrenişerdi. Bir öwrenişensoň bolsa, gaty ysnyşar, ysnyşandan soň hiç unudyp bilmez. Birbada hyrsyz ýaly görünýän hanymam oňuşmazça aýal däl eken. Onuň aşhanadan daşaryk ýaýraýan somsalarynyň ysyna-da ol öwrenişiberdi indi. Bu babatda hanym ussat. Ol şahalaryndan wagtyndan öň tänen almalary ýygyşdyryp, olaryň galyň gabyklaryna zeper ýetirmän içlerini köwlärdi, soň olary kişmişli hamyr bilen dolduryp, ýene-de birhili serişdäni garyşdyrýar. Ýigit ol serişdäniň nämedigini bilmeýär, şeýle pursatlarda näçe gezek hanymyň duşundan geçmeli bolandygyna garamazdan, bir saparam arkaýyn synlap ýetişmedi. Ony oňat tanaýanlar-a oňa "arzuwçyl“ diýerdiler. Ol-da muny inkär etjek bolup ýörmez. Çünki ol hakykatdan hem arzuw etmegi gowy görýärdi. Haçan görseň, onuň ak arzuwlary çugutdyrmadan saplanan kepderi ýaly, nirededir bir ýerlerde uçup ýör. I bap I bölüm Ilkinji sapak üçin bosagadan içerik ätlän pursatyndan başlap, ýigidiň täze toparyndaky talyp gyzlary sulhy almady. Olaryň edýän gürrüňleri suwuň ýüzündäki köpürjik ýaly ýeňiljekdi, aňa baryp ýetişmänkä many dargap gidýär. Biri-birlerine " Sonýä“, " Jerri“ diýip ýüzlenýärler. -Leýliş, üçinjiden jyrýasmy? -Maýýa? -Kafe-leý. -Ýene-de deňiz kanunymy? -Leýli ýylgyrýar. - Kim soň tursa şol tölemeli. -Ýok, "hukukdaky“ bir talyp gapjygyny çöwürýär bu gün meň üçin. Olar bile okaýan oglanlaryna öz kölegelerine seredýän ýaly ünsem berenoklar. Ýigidiň öňki bile okan gyzlary beýle däldi, bütinleý başgaçady. Bular bolsa, ilki "täze gelen“ diýip hyşy-wyşy etjek boldular, ýöne basym onuň egin-eşiklerinden hiç hili göz eglener ýaly daşary ýurt alamatlaryny tapman lapy keç boldular. Olam gyzlaryň ünsini çekjek bolup ýörmedi. Ýöne ol basym yşga düşdi. Bary-ýogy iki ýyla golaý wagtyň içinde ýanyp, bişip kül bolup ýetişdi. Ýok, onuň ilki halap soň söýeni öz toparyndaky gyzlardan däl. Ol-okuwynyň 4-nji ýylynda okap ýören başga gyz. Täleýiň oýnuna seret! Gullukdan öň olar birinji ýylyň okuwyny bile okan bolsalar nätjek?! Ýöne diňe häzir onuň gözlerine ilip ýör ol gyz. Indi ony göreninde onuň ýüreginiň urmasy güýçlenýär, kalbyna şatlyk aralaşýar, aljyraýar, sussy basylýar. Onuň ýylan ýaly towlanyp ýatan ýeke örüm, ýöne ýogyn-ýogyn, uzyn-uzyn saçlaryny diýsene, sagrysynda oýnap gök köýneginiň üstünde tolkun atar barar, garamyk ýaly maýa gözlerinden tükeniksiz mähek uçgunlary çogup durandyr. Gyşda bolsa, küşdüň düşegi ýaly ak-gara öýjükli paltun geýerdi, ol onuň terezi deý taýly eginlerine ýörite biçilen ýaly şaklaşar durardy. Eýlenen deriden tikilen gyrmyzy torbasynyň gaýyş bagyny egninden asyp, seýkin basyp gelýändir-hemme gyzlardan saýlanyp. Ýüzi agras gözleri pikirli ýaly, aňsat ýylgyrmaz. Hatda, ýigidiň söýgi hatdaky hatyna "bolýa“ diýip jogap bermese-de, onuň üstünden gülmedi. Bu bolsa, oduň şöhlesiniň ýokary goterilişi deý ýigidiň söýgisini barha güýçlendirdi. Gyz onuň bilen hemişe gadyrly salamlaşdy, gürleşdi, ýuwaş-ýuwaş ysnyşyp gitdiler, biri-birine içlerini-de döküşdiler. II bölüm Gyz ahyry onuň bilen kino gitmäge razy boldy. Ýöne ilki: Näme hakda? -diýip sorady. Söýgi. Hindileriňkimi? Ýok-laý! Kinonyň olaryň tomaşa etjek goýberilişiniň başlanaryna entek 1 sagada golaý wagt bardy. Ýigit ätiýaçlygy göz öňünde tutup, ýörite ir gelipdi. Wah, oňa galsa, eýsem, ýarym gün öňünden gelmejekmi diýsene?! Olar bilgeşleýin diýen ýaly seyilgähiň içinden gitdiler, ýok, "şeýdeli“ diýip olaryň hiçisi-de dillenmedi, bu öz-özünden şeýle boldy. Ýazgyt bu. Dagy näme?! Onuň öňde-soňda gözläp tapmaly durmuş taýy-ine, şu-ýanynda egin diräp bileje ýöräp barýan dünýädäki iň gözel gyzlaryň hany dälmidi, näme?! Onuň mähriban sesiniň gulaklaryna ýakyşy, belki, çeşmäniň sowuk suwunyň teşnäniň janyna berýän şypasyndan-da zyýatdyr. Edil şu wagt dünýäde heý, ondan bagtyýar ynsan barmyka?! Birden duýdansyz gelen çabga olary aljyratdy. Olaryň ikisiniň-de saýawany ýokdy. Olar ylgap, dessine seýilgähiň gyrasyna çykdylar, ýeten taraplaryndaky duralganyň aşagyna sümüldiler. Geň galaýmaly, bärde ýekeje-de ýolagçy yok. Aňyrdaky duralgada weli orta ýaşlaryndaky daýza bilen başy tahýaly ýetginjek görünýär. Ýene-de bir ýaş zenan duralganyň üçeginiň astyndan gowresini çykaryp bilmän ýoldan geçýän ulaglara elini salgaýar. Şäheri ikä bölýän demir ýoly bilen gabatlaşyp gidýän bu çola koçede ulagy saklamagyň aňsat däldigini ýigit bilýär. Gyz duralganyň tagtadan ýülmenip, haşamlanan sekisinde ornaşanyndan soň: -Kinony öň görüpmidiň? -diýip sorady -Ýok, -ýigit henizem ýagmasyny dowam etdirýän, ýöne indi öňkisinden biraz kiparlan ýagyşa tomaşa edip durşuna joşgunly jogap berbär. -Men onuň kitabyny okapdym. Gyz ýigidiň nämedir bir zady gürrüň bereninde aşa gyzyklandyrp, gaty süýjüdip tasirli beýan edişinden habarly bolansoň: -O-ho!..-diýip, içki şatlygyny daşyna çykardy. -Gürrüň berjek dälmi? Ýigit ýagyşdan ünsüni sowup, gyzyň ýüzüne seretdi. "Wah seniň üçin mün-de bir gijeläp, gürrüň tapjak dälmi men?!“ diýesi geldi. Ýöne ol ýuwdundy-da, bada-bat nazarlaryny maýdaja ýagýan ýagyşa sowdy. Ilki çalaja ardynjyrady, gowuşgynsyzlyk, üstesine tolgunjam ol gürrüňe mazaly girişýänçä, gaýtalandy durdy. Ýöne ýuwaş-ýuwaş gyzdygyça barha hyjuwlandy, hamala, özüde gürrüň berýän wakalarynyň içinde ýören ýaly, gaşlary kä çytylyp, kä ýazyldy. Gyz bolsa, ondan gözlerini aýyryp bilmän gulaklaryny üşerdip otyrdy. Hatda, birküç sapar gelip-geçen ýolagçy ulagynyň düzgüne görä, sähelçe säginen pursatlary-da ol ýigitden gözlerini aýyryp, ünsüni bölüp bilmedi. Ýigit mahal-mahal özi bilmezden aşak oturyp, barmaklary bilen adaty endigine görä, erinleriniň gyralaryny süpürişdirip, sähel salym dymanynda bolsa, ol: -Onsoň? Yzy?..-diýip gyssanýardy, howlugýardy. Ýagyş bolsa, bireýýäm diňipdi. Olar ýagyşyň diňenini entegem biljek däldiler. Ýöne öl saýawanlaryny düýrläp ýagyşdan soň çykan kömelek deýin ýolagçylar duralgada peýda bolup başladylar. Olar duralgadan ara açyp-açmanka, ýigit çep eli bilen ýeňsesini gazaşdyryp: -Biz kinodan gijä galaýdyk öýdýän, -diýip, müýnli seslendi. -Tersine. Biz ony wagtyndan öň gördük. Gyzyň bägül dodaklary birenaýy çyzyldy. Ýigidiň bolsa kalby joşýar. -Hany, dur! -Näme? -Gapdalyňa öwrül! Ýigit hiç zada düşünmese-de, gyzyň sözlerine tabyn boldy. -Penjegiňde bir zat agarýar. -Gyzyň sülük barmaklary oňa tarap gezeldi. - Ak sapajyk. -Gyz ony aýyrdy-da: -Görsene, -diýdi. -Nähili uzyn! Ak geýinip, saňa gelinligiň garaşýar. Ýigit "ol -sen!“ diýjek boldy. Emma dili öwrülmedi. II bap Ol öz duygularyndaky tigirlenip ýören çigidiň gadary ýaly şübhäniň barha ulalýanyny syzýardy. Soňky günler ol ikindiniň kölegesi ýaly şilliň sudura öwrüldi, kalby dowla düşdi. Indi her geçen gün gorky bilen aralygy barha gysgaldyp gelýär. Ýöne inçe umyt uçgunlary onuň ýüregini ýylatmaga çalyşýar. Ol aýralyk gününiň öň ýanyndaky gijede düşekde iki ýana urunup, ukusyz daňyny atyrdy. "Indi men ony gaýdyp görmerinmi? Eý, Hudaý! Eýsem meniň söýgüm ajymydy, onuň miwesi şu aýylganç gorkumydy? Ýok, onuň meni taşlap gitmäge haky ýok!“ Haçan-da, şol hijranyň aýylganç pursaty gelip ýeteninde gyz hesretli äheň bilen: -Seniň bilýän dogaň barmy? -diýip sorady. -Ol birzatlary ýadyna saljak boldy, başarmady, ahyry gyzaran ýüzüni aşak salyp: -Sensiz ýalňyz galmaklygyň gorkusy meniň aňymy pytradyp ýüregimi doňdurypdyr, -diydi. Gyzyň sürme çalynmasa-da, nyzamlanyp duran uzyn kirpikleriniň arasy açylyp, ala gözleri has giňelen ýaly boldy, garamyk göreçleri bolsa, düşnüksiz agyp-dönüp düýpsiz hesret deňzinde gark bolup barýan ýalydy. Onuň ýuka dodaklarynyň arasy zordan açyldy. -Alla seni gözden salmasyn! Ýigit özüni ýylgyrmaga mejbur etdi. Ýöne ýylgyryş şeýle bir gözgyny çykdy weli, onuň gipslenen ýaly ýasama görünýänini özide duydy. Onsoň ol: -Sen ýene-de bir zatlar diyjekdiň-ä?! -diýip ýalbardy. Gyz başyny ýaýkady. -Men sensiz näme ederin? Nädip ýaşaryn? Gyz syçrap ýerinden turdy-da, penjiräniň öňüne baryp daşaryk bakdy. Onuň çalaja titreýän eginleri-de häzir işigiň golaýynda diwara arkasyny ýaplap duran ýigidiň ünsüni özüne çekip bilenok. Tersine, ýigidiň öňki üzlem-saplam pikirleri indi ýygnanyp, biri-birine seplerşip başlady. -Göz öňüne getir, ynha, sen gidersiň, onsoň, günleriň bir güni, aýdaly, synpdaşlaň biriniň durmuş toýunda sen bagşy oglan bilen tansa çykanyňda... -Menmi? Men näçe arzuw etsem-de, bütin ömrüme tansy öwrenip bilmedim. - Gyz yzyna öwrülmän sözüni dowam etdi. Onsoňam, näme üçin hut, bagşy oglan bilen? -Onda joralaň biriniň doglan gününden gelýärsiň diýeli, köpden bäri yzyna düşüp ýören... -Ýigit "aşygyň“ diýmäge heder etdi, gyssagarada zerur manydaş sözi tapman ýuwdundy. -Aşygymmy?-diýip, gyz bärsine bakdy. -Hawa, şol, -Ýigit guran dodaklaryny taýly gezek süpürişdirdi. -“Fanta“ içjekmi? -Ýok!-ol synagdan geçýän ýaly garjaşyk pikirlerini beýan etmäge howlukdy. - Ol ahyry seni ugratmaga razylygyňy alyp, seniň bilen bile gaýdyp gelýärkä tötänden men peyda bolsam, ýok, ýok, tötänden däl, ykbalyň emri bilen men yzyňdan barsam... -Onsoň? -Gyz özi duýmazdan ýene-de gyzyklanyp başlaýar. -Ol nämedir bir zatlar dogrusynda, bazar nyrhy baradamy ya daşary yurt ulaglary hakyndamy, tükeniksiz gürleýär-gürleýär, birden seniň gulak asmaýanyňy geň görüp, onuň gözleri tegelenýär. Edil şol pursatda döşlerimi gaýşardyp, men peýda bolýaryn seniň gaşyňda. Şonda men ellerimi kelemenledip, käte oturup, käte turup, saňa bolan hiç egsilmez päk duygulardan püre-pür söýgümi beýan edip başlasam sen näderdiň eýsem? Gyzyň ýüzi agardy, natuwan gözleri aşak bakdy, indi örjümek kirpikleriň eteklere düşen kölegesi mese-mälim bildirip durdy. Ol birden kellesini silkdi-de, diňe öz-özüne pent berýän ýaly: -Eger-de men gitmesem gaty akylsyzlyk bolar! -diýdi. -Biz nämäniň hasabyna nirede ýaşarys? -Näme? Näme? -Ör gökden gelen ýigit bada-bat gaýtawul berdi. - Men hemme zady başarýan. Ellerimem, dillerimem işleýär meniň. Men seniň üçin hemme zady ederin. Sen maňa düşün, düşün!..-Indi onuň pikirleri sepleşip ýetişenokdy. Gyz bolsa diňe: -Sen-gowy oglan, gaty gowy oglan...-diýip özelenýärdi. Gyz gitdi, ýöne hoşlaşmazyndan öňürti, ol özüni ugratmazlygy haýyş etdi. "Ýogsa ikimize-de agyr düşer!“ diýdi. III bap Şäheriň neýon çyralary töwerege syrly gözellik paýlaýar. Ýigit nirede gezip ýörenini, näme edýänini anşaranokdy, wagtyň näçeden işleýäniniň indi onuň üçin ähmiýeti ýok. Ol diňe sagat 21-e çenli haýsydyr bir ynam bilen ýaşady, nahilidir bir umyt bilen garaşdy. Çünki hut, şu pursatda gyzyň uçary asmana göterilmelidi. Goşaryndaky sagadyň ýaryşa goýberilen ýaly çapyşýan peýkamlary deňleşip, şol näletsiňmiş sanlaryň üstüne münenlerinde bolsa, "Gutardy, uçuşyň yza süýşirilmäge haky ýok, howa gowy-a“ diýen pikirler onuň aňyny byjyrdadyp gitdi-de, içinde bir zatlar üzülen ýaly boldy. " Ynanamok, hi-iç ynanamok!“ diýip, bogazyny ýyrtara getirip bir ses gulaklaryny şaňladýardy. "Başymy alyp gideýin, gowsy“. "Nirä?“ "Üm düzüne tutdursam“. "Hiç ýere gaçsam, hiç kim bolsam, hiç zady duymasam...“ Ol sägindi-de, töweregine ser saldy. Ýoluň ugrundaky kiçijik dükanjykda nazary eglendi. Megerem hususy dükan bolsa gerek. Dürli-dümen çilimleriň gaplary, her-hili içgiler ortaky işigiň iki gapdalyndaky uly aýnanyň aňrysynda özlerini güjeňleşip durdular. Darajyk dükanyň içinde satyjydan başga hiç kim ýok eken. Ol gelen müşderä ünsem bermedi. Sekiniň aňrysynda oturan ýerinde kimdir biri bilen hezil edip telefonda bälçireşýär. Ýigit bu ýerik näme üçin sowlanyny ýadyna saljak boldy. Ýok ol çilim çekenokdy ahyry. Ýa-da tekepbir satyja kesesinden tomaşa edip, onuň äsgermeýän gedemligini çekip-çydamak üçin geldimikä? Ol çalasynlyk bilen ýarym göwresini sekiniň üstünden aňry sallap, öňe hallan atdy-da, telefonyň bagyny çeşmesinden sogrup taşlady. Ýaňra satyjy bada-bat aýaklaryny herekete girizdi, depgi ýigidiň göbeginiň aşagyna jaýdar degdi öýdýän. Awundy, ýöne ol çalaja aşak egildi-de, duydansyz silkinip, düzgünsiz hüjüme gödek gaýtawul berdi. Eňegiň aşagyndan suňşurylan gaty kelle garşydaşyň dişlerini şakyrdadyp, gözlerini yalpyldatdy. Tötänden içerik giren ýaşuly alyjy olary aralamadyk bolsa, wakanyň yzynyň näme bilen gutarjagy belli däldi. Satyjy ýaňralygyna garamazdan, erkek eken, degişli ýerlerne jaň etjek bolup durmady. Daşarynyň howasy-hoştap. Ýöne ol ony köşeşdirip bilenok. Bokurdagyndaky düwne meňzeş bir tegek bogazyna dykylyp, ne aňry süýşýär, ne-de bärik. Ol birden bat aldy-da, towsup, haýsydyr bir bagyň şahasyndan asyldy. Şaha şatyrdap, onuň birnäçe ýapraklary tänip düşdüler, olar ilki biraz howada gaýmalaşyp, soň yzly-yzyna gök gyrtyçlaryň üstlerine serildiler. Ýanýodadan geçip barýan ötegçi aýak çekdi, diňşirgendi. Eger ol iki ädim bärik ýörän bolsady, onda tar-tar çybykly topbak güjümiň aňyrsynda çugutdyryp sandyraýan ýigidi görerdi ýa-da onuň güýçlenen ýürek urgusyny eşiderdi. Ýigidiň perişan halyndan gorkup, çirkin gygyrardy-da, golaýdaky jaýlaryň süýji ukuda ýatan ýaşaýjylaryny örüzerdi. Bu aýylganç gijäniň syrly ümsümligini ýyrtyp, "Tiz komek“ ulagy myçyp gelerdi. Soň? Soň ak halatly lukman... Keseliň taryhy...? -Ozal nähili keseller bilen keselläpdiňiz? -Sary getirme. -Haýsy görnüşi? -“B“ -Ýapyk bolýa-da. -Hmm... -Çagalykda ýykylyp ýa-da başga bir sebäbe görä kelläňize zeper ýetipmidi? -Ýadyma düşenok. Meniň keselimi bejerip bolarmy, Lukman aga? -Entek onuň taryhyny anyklamaly, netije soň belli bolar... ...Emma bu zatlar bolup geçmedi. Çünki ötegçiniň aýak sesleri indi barha daşlaşyp barýardy. Soňlama Ençeme ýyldan soň epin atmadyk üsti-başynyň reňki aýagyndaky daşary yurt köwşi bilen sazlaşyp gidýän, bir mahal gaty kän ýuwdundyran bokurdagyndaky gözgyny düwün ýitip, onuň ýerine ýumruk ýaly düwünli owadan galstuk dakynan, ap-ak köýneginiň ýakalary doňup duran epeý pyýada Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan dabarada Söýgi hakynda ýanyp-ýanyp goşgy okaýarka, diňe gulaga öwrülen märekäniň hümerinde bir dolmuş zenan gyňajynyň çowuny gözlerine ýetirdi. Ol onuň intizar gözlerine ilmän bilmedi. Ýöne gyssagara elindäki kagyzlara ser salyp, ýene-de nazaryny öňki ýere sanjanynda, ol zenan eýýäm ýitirim bolan eken.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir