Allady meni

Owal başda çirki dünýä
Saz bilen allady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen allady meni.

Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen allady meni.

Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýek eken soňy-paýany,
...

Dowamy »

537 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Dostdan gaçar

Mert hyzmat eder duşmana,
Muhannesler dostdan gaçar;
Gelse görünmez myhmana,
Gizlener, bir hasdan gaçar.

Barsaň, hyra-hyra bakar,
Gürrüldisi göge çykar,
Çöl ýerde çaňgörse gorkar.
Bara bilmez, pesden gaçar.

Eýlese bir ýana sapar,
Öz-özünden habar tapar,
Obadan çyk...

Dowamy »

513 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Gelýär

Eý ýaranlar, musulmanlar,
Görüň, söwer ýarym gelýär;
Halaýygy haýran edip,
Ol serwi-rowanym gelýär.

Bize dogry-dogry bakar,
Müjgäň tygy jany ýakar,
Agzy pisse, lebi şeker,
Dişleri dürdänem gelýär.

Sallanyp çykypdyr düze,
Nazaryn salandyr bize,
Kast eder bu janymyz...

Dowamy »

478 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Heserli

Näzenin kamatyň, güler ýüzleriň
Bir nowça nahaldyr gülli, semerli.
Piste dodaklaryň, bal agyzlaryň
Altyn piýaladyr gandu-şekerli.

Ak gollar synada tapmyş kemaly,
On barmakda ýüzük lagl mysaly,
Serinde ebrişim, egninde aly,
Sylaý gerdenleriň tylla tumarly.

Zülpüň meňzär leňkebud...

Dowamy »

505 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Hiç görmedim illerde

Keşt edip gezmişem pany jahany,
Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Şeýda köňül joşmaz özge güllerde.

Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men.
Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men,
Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.

Säher...

Dowamy »

446 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Rehm etmezmiň halyma

Ýandyrdyň, köýdürdiň, näzli dildarym,
Eý binurbat, rehm etmezmiň halyma?
Rast kamaty serwi, çeşmi-hunhorym,
Helal gaşyň ogşamazmy kemana?

Intizaram görjek, eý peri-peýker,
Husnuň mähtajydyr mahy-minewwer,
Örüm-örüm saçyň – owsunjy aždar,
Hurşyt ýüzüň ogşar genji-nahana.

Serhowz...

Dowamy »

454 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Gitdim

Gara gözüň, galam gaşyň
Tirdir diýip, gaçdym gitdim.
Ýalpyldysyn gara saçyň
Mardyr diýip, uçdum gitdim.

Aşyk bolup, hiç gezmeýen,
Lebni bilmez, gant ezmeýen,
Daň-säherler hiç dözmeýen,
Gül dek ýüzüň açdym gitdim.

Bilbil söýer bagyň gülün,
Magşuk darar ol sünbülin,
...

Dowamy »

445 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Ýar bir ýana biz bir ýana

Tiri-peýkamyn gizleýir,
Gaş bir ýana, göz bir ýana.
Dahanyn açyp sözleýir,
Dil bir ýana, söz bir ýana.

Hazan aýrylmaz gülümden,
Bir gazal ýazdym tilimden,
Ýaşylbaş uçdy kölümden,
Suw bir ýana, gaz bir ýana.

Söwdügim gözümden uçdy,
Baryp rakyplara düşdi,
Bir söý bi...

Dowamy »

471 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Gülüstanyma

Geldi galam gaşly gyz,
Jilwe kylyp ýanyma;
Kirpikleri tygma-tyg,
Geçer meniň janyma.

Men diýdim ki: «Roýy gül,
Hyzmatyňda bendi gul,
Gahryň goý-da, sabyr kyl,
Suwsan bolsaň ganyma».

Men diýdim ki: «Jan talaş,
Didäm döker ganly ýaş,
Bakmadyň-la bagry daş,
Ha...

Dowamy »

508 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Seniň toýuňda....

Daglaryň başynda batyp barýan Gün,
Ýene dogar ertesi gündogardan,
Sen-ä ý:at birine göwün bildirip,
Asmandaky meniň Günüm batyrdyň,
Ýok seni söýmändim, ýürekden çyndan!
Söýen bolsam onda bolardy köýüp,
Ýok men asla seniň üçin ýanmaryn,
Sebäbi men seni söýmedim başda,
(Belki şonuň üçin köýüp gi...

Dowamy »

534 2
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Altyna...

''Solup barýan'' diýýäň,
Ýok sen solaňok,
Gamlanma sen, gam çekme,
Haýyş edýän,
Ýekelige öwrenşensiň Altynjan
''Gelin boldum, ýöne ärim ýok'' diýme,
Seniň özüň bir gyzyňa ejesiň!
Hem kakasyň kakasyz boşan öýe,
Galdyr başyň, gamlanma sen gam çekme,
Bir gün geler seniňem altyn çagyň,

Dowamy »

583 3
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Üzüm

Garry öýe baramyzda,
Uýam bilen elmydama,
Enem bize üzüm ýygyp,
Bir hoşa bererdi yuwup,
Suw ýaly dänesin ýolup,
Agzyňa salaýsaň alyp,
Lezzetine gözüň ýumup,
Iýerdim men gana-gana...


@Jeksparro

Dowamy »

481 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Okuw gutaran soň!

Saralanda ýapraklary baglaryň,
Geçen ýyldy sentýabrda gelenmiz.
Bu gün bolsa ýolýas bagyň narlaryn,
Geçen ýyldy Sentýabrda gelenmiz...

Mekdep sende geçen günlem hezildi,
Gyz oglanlar seýil bagda gezerdi,
Mugallymlar bize mähir bererdi,
Düýn ýalydy okap ýazan günümiz...

Bu goşgy...

Dowamy »

522 1
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago

Gurbannazar Ezizow - Magistral

Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.

Söýgi günleriniñ adaty, ine:
Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy,
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.

Her hal säher tüm çeti...

Dowamy »

546 0
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 2 years ago

Namys ýesiri-6 (powest)

Bu ― oňa Aksoltanyň öz eden pendi. Ýagny, ugratjak wagty ol maý tapyp, özüniň gelejekki giýewsine: «Adyna hat ýazyp, suwjuk çözler bilen gyzy uýada goýup ýörme, Böri jan, öýüňize ýazaňda bize-de salam aýt, boldy şol. Biz düşüneris» diýipdi. 
Asyl ol başda-da Gökbörä: «Halaşdyňyz, taň etdiňiz. Men garşy däl. Birentekleri ýaly duşuşjak, öpüşje...

Dowamy »

754 10
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago

SÖÝGI GOŞGULARY

Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury “at” bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
...

Dowamy »

572 1
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Ozymandias hakynda goşgy

Nirvana şu setirlere öň duş geldiňizmi. Meniň iň gowy görýän goşgylarymdan, aslynda goşgy söýmesemde.
Rameses 2 hakynda. Şunyň bir bölegini "alien covenant" filminde robot adam adamlaryň ýaradyjylaryny öldürmäkä aýdýar. Manysy gysgaça "sen niçe beýik bolupdyň indi tozana garyşyp ýatyrsyň" şeýleräk bolýar.

I met a travelle...

Dowamy »

724 20
Edebiýat, .Leyla tarapyndan 2 years ago

F. N.den aforizmalar

Nirvana agza pikirinizi aytsanyz. Osobenno ikinji bolum.


Canavarlarla savaşan kişi dikkat etmelidir, ki kendi bir canavara dönüşmesin. Sen dipsiz bir kuyuya uzun uzun baktığında, dipsiz kuyu da sana bakar.

Dowamy »

609 4
Edebiýat, .Leyla tarapyndan 2 years ago

“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...”

Hiç gonmagyň ebeteýin tapmadym, 
Ýörsemem kalbyňda yssy ýer peýläp. 
Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň, 
Gömdüň ertelermi gama gark eýläp. 

Ýazym gysga boldy, çolardy göwnüm, 
Hazan ýeli agyz urdy gülüme. 
Öýlänçiň ykbalyn gaýtaladyň sen, 
Döndüň gyşyň ir gizlenýän Gününe. 

Ada...

Dowamy »

546 0
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Klasdaşh.

15imde oyun etdim ot bilen.
Soygi atly yalyn bilen klasdash.
Pak soygumi sana duyduryp bilman.
Dashyndan kan guwandym klasdash.

Yyllar gecdi bir gun chykdyn onumden.
Balajygyn tutup dura elinden.
Duydansyzja yashlar akdy gozumden.
Sen bagtyna guwanyp men klasdash.

Nirde bolsan...

Dowamy »

763 3
Edebiýat, Crazy boy tarapyndan 2 years ago