Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletiniň meşhur soltany Alp Arslan Türkmen milletimizden çykan iň beýik gahrymanlaryň biridir. Ol Horasanyň meşhur häkimi Dawut Çagry begiň ogludyr.

Entek, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň gurulmasyndan has öň, Çagry beg Türkmen öz inisi Togrul beg Türkmen bilen birlikde Garahanlylar neberesinden bolan hökümdar Aly Tegin bilen çaknyşyga taýýarlanyp ýörkä, Seljuklar maşgalasynda şatlykly bir waka bolup geçipdir. 1029-njy milady ýylynyň ýanwar aýynyň 20-si güni Çagry begiň bir ogly dünýä inipdir. Bu gutly gün doglan oglanjyga «beýik gahryman arslan» manysyny berýän «Alp Arslan» ady dakylypdyr. Ýöne, ylmy edebiýatlarda Alp Arslan Türkmeniň 1033-nji milady (425-nji hijri) ýylynda doglandygy barada maglumat hem bar.

Alp Arslan ýaşlygyndan başlap gaýduwsyz häsiýeti we söweşjeňlik ukyby bilen tapawutlanypdyr. Kakasy Çagry begiň Seljuk türkmenleriniň döwletiniň abatlygy we berkararlygy üçin amala aşyran harby hereketlerinde mydama ýanynda bolupdyr. Ol kakasynyň başda duran serkerdeleriniň biri bolmak bilen, söweşlerde ýeňişleriň gazanylmagynda ähmiýetli işleri amala aşyrypdyr.

Alp Arslan Türkmen 1043-1044-nji ýyllarda, özüniň ýaşlygyna garamazdan gujur-gaýratlylygyny görkezipdir. Şol döwürde Çagry beg hassalanypdyr. Bu ýagdaýy peýdalanmak islän Gaznaly türkmenleriniň döwletiniň hökümdary Mewdud, elden giderilen Balh we Toharystan topraklaryny seljuklardan yzyna gaýdyp almak maksady bilen, bu ýerlere goşun çekipdir. Gaznalylaryň harby güýçlerine garşy kakasyna derek Seljuklaryň goşunynyň başynda bolup söweş etmek ýaşajyk Alp Arslanyň paýyna düşüpdir. Alp Arslan özüniň serkerdeligindäki goşun bilen örän çaltlykda hereket edip Balha gelipdir, gelşine-de tizden-tiz hüjüme geçipdir. Bu söweşde, Gaznalylaryň goşuny derbi-dagyn edilipdir. Şonda, Alp Arslan tarapyndan ýesir alnan kiçi we uly derejedäki goşun serkerdeleriniň sany müňe ýetipdir. Örän köp mukdarda ýarag we atlar olja alnypdyr. Alp Arslanyň ýeňiş gazanyp yzyna gaýdyp gelmegi kakasyny örän begendiripdir. Hatda, çeşmeler Çagry begiň, ýaş oglunyň gazanan harby üstünligine guwanmak we begenmek duýgusyna gaplanmasy sebäpli öž hassalygyndan açylandygyny-da ýazýarlar.

Çagry beg Türkmeniň Termez şäherini eýelemek üçin eden harby saparlarynda hem ýaşajyk Alp Arslan kakasynyň ýanynda bolupdyr. Horasanyň goralmagy üçin uly ähmiýeti bolan Termezi Gaznalylaryň elinden almagy maksat edinen Çagry beg, galanyň özüne tabşyrylmagyny isläp, ony goraýjylaryň ýolbaşçysyna hat ýazyp iberipdir. Çagry beg, hatyň içinde özüniň ýaşajyk ogly Alp Arslanyň gazanan ýeňşiniň Gaznaly türkmenleriň döwletiniň gutarnykly sarsandygyny görkezýän bir subutnamadygyny açyk aýdypdyr. Haty üns bilen okan galany goraýjylaryň serkerdesi, öz hökümdaryndan ýardamyň gelmejekdigine düşünip. Termezi galdyryp, Gazna şäherine çekilipdir.

Alp Arslana, 1058-nji ýylda, seljuklaryň ägirt döwleti üçin eden işlerinde, hereketlerinde gazanan üstünlikleri mynasybetli kakasy Çagry beg tarapyndan Balh, Toharystan, Termez, Kobadiýan, Wahş we Walwalij topraklary häkimlige berlipdir. Kakasy Alp Arslana Aly bin Şadany wezir edip belläpdir. Maglumatlardan Alp Arslanyň ýönekeý bir häkimlige däl-de, seljuklaryň ägirt döwletiniň gündogar serhedine gözegçilik edip goraýan, garaşly bir kiçi döwletiň, ýagny Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň başyna getirilendigi görünýär. Bu Alp Arslanyň zikgeleden pullaryndan hem bellidir.

Şazada Alp Arslanyň ýaşlykda gazanan hökümdarlyk tejribesi soňky soltanlyk eden döwürlerinde örän peýda beripdir. Kitaplarda Alp Arslanyň çagalygynda örän gowy bilim alandygy agzalýar.

Alp Arslanyň döwründe Orta we Ýakyn Gündogarda şu döwletler bolupdyr: Musulmançylygyň gündogar serhetleriniň üstünde ýerleşen Garahanly türkmenleriň döwleti (840-1212), bu günki Owganystan we Günbatar Päkistan bilen Demirgazyk Hindistan topraklarynda ýerleşen Gaznaly türkmenleriniň döwleti (962-1187), Müsür we Siriýada ýerleşen şyga Fatymylaryň halypalygy (910-1071), Anadolyda we Ýewropada (Balkanlarda) ýerleşen Wizantiýa döwleti (395-1453). Bulardan başga-da birtopar ownuk döwletler bolan-da bolsa, şol döwürdäki döwletleriň arasynda edilen gatnaşyklarda üns çekäýjek ähmiýetli rollary oýnamandyklary üçin bellenip geçilmändir. Ýöne Yspyhan we onuň töwereklerinde (Eýranda), seljuklaryň goňşusy bolan, soň seljuklar tarapyndan eýelenen, Büweýhogullarynyň häkimliginiň hem bolandygyny bellemek zerur.

Kakasyndan örän ygtybarly hökümdarlyk terbiýesini alan Alp Arslan, Çagry beg Türkmen aýatda dirikä hem onuň Horasandaky seljuk türkmenleriniň döwletinde örän möhüm işleri amala aşyrypdyr. Şol döwürde, Gaznaly türkmenleriniň hökümdary Mewdud Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletine garşy Garahanlylar hem-de Büweýhogullary bilen gepleşik geçirip, üçli birleşigi döredipdir. Emma Mewdud wepat bolupdyr. Onuň ölüminden habarsyz ýola çykan birleşigiň beýleki agzasy Büweýhogullary neberesinden Kalijar bolsa hassalanyp, Yspyhana dolanypdyr. Garahanlylar neberesinden bolan hökümdar Arslan han bolsa, Termeze çenli gelipdir. Onuň çozuşy Termeziň erbet talanmagyna alyp barypdyr. Talanan ýerler bolsa, bilşimiz ýaly, Alp Arslanyň häkimligindäki ýerlerdi. Şu sebäpli talaňçylygyň öňüni alyp, gelen goşuny yzyna serpikdiren hem ýene-de Alp Arslan bolupdyr. Soňra onuň kakasy Çagry beg, Jeýhunyň kenarynda öz soltanlyk çadyryny guran Garahanlylaryň hökümdary Arslan han bilen görüşipdir. Olar Horasana we Seljuklaryň elindäki beýleki ýerlere Garahanlylardan hiçbir güýjüň talaňçylyga gelmejekligi barada şertleşip, parahatçylyk ylalaşygyny baglaşypdyrlar.

Hökümdar Mewdudyň ölüminden soňra Gaznalylaryň tagtyna geçen Ferruhzad bin Mesud uly bir goşun sürüp, Horasana ýöriş edipdir. Balhda, onuň öňünden bu ýeriň häkimi Kutbeddin Kül Saryk goşuny bilen çykypdyr we asgyn gelipdir. Ol ýakynlary bilen Gaznalylara ýesir düşüpdir. Muňa namys eden Alp Arslan kakasyndan Gaznalylara garşy harby herekete çykmaga özüne rugsat berilmegini sorapdyr. Kakasy Çagry begden oňaýly jogaby alanyndan soňra bolsa ol duşman goşunynyň üstüne ýöriş gurap, ýeňiş gazanypdyr. Ol Gaznalylar döwletiniň ýokary wezipeli emeldarlarynyň we döwlet adamlarynyň birtoparyny ýesir alypdyr. Bu iki döwletiň arasynda dowam eden oňuşmazlyk, Gaznaly türkmenleriniň hökümdary Ferruhzadyň ýerine Ybraýymyň tagta geçmegi bilen tamamlanypdyr. Iki döwletiň arasyndaky bolup geçen surnukdyryjy söweşlerden ýadan Çagry begiň razylygy bilen, Hindiguş daglary iki döwletiň arasyndaky döwlet serhedi hökmünde kabul edilip, 1059-njy ýylda seljuklar hem-de gaznalylaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygy baglaşylypdyr.

Yaşlygyna garamazdan, Alp Arslan, diňe öz kakasynyň däl, eýsem, onuň inisi Togrul begiň hem ýakyn goldawçysy bolupdyr. Togrul beg, öz doganoglany Ybraýym Ýynalyň gozgalaňa baş galdyryp, Hemedany eýeläp, kyn güne salanynda, dogany Çagry begden tiz ýagdaýda kömek sorapdyr. Ol bolsa, inisine kömek üçin ogullaryndan Alp Arslany we Seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň hökümdary Gara Arslan Gurdy iberipdir. 1059-njy ýylda, bu şazadalar Ybraýym Ýynalyň goşunyny ýeňip, döwleti içki howpdan halas edipdirler.

Taryhy maglumatlar, Alp Arslanyň hökümdarlygynyň irki döwürlerinden başlap, özbaşdak harby hereketleri hem geçirendigini habar berýärler. Olaryň biri Merwden Eýranyň Pars topraklaryna guralan ýörişdir. Bu ýöriş kakasynyň Alp Arslany entek öz ýerine häkim yglan etmesinden has öň bolupdyr. Onuň bu harby hereketinden, Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň emeldarlarynyň, emirleriniň hiç biri, hat-da soltan Togrul beg hem habarsyz bolupdyr. Alp Arslan öz goşuny bilen Fesa şäherine gelip, bu ýerdäki Büweýhogullarynyň wekilini gaçyp gitmäge mejbur edipdir. Garşylyk görkezenleriň bir toparyny heläkläp, üç müň kişini ýesir alypdyr. Alp Arslan bu ýörişinde, bir million altyn dinar gymmaty bolan olja bilen yzyna dolanypdyr. Çeşmelerde bu başarylan işiň, örän uly işdigi bellenip geçilýär. Bu ýöriş, Alp Arslanyň ýaşlygyna garamazdan uly işleri amala aşyryp bilendiginiň subutnamasydyr.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir