§2. Sorag...

Agzalar size şeýle sorag esasanam edebiýat bilen iş salyşýanlara, şeýlebir nakyl bar:

Hüýt ýaman gelse-ýut, ýagşy gelse-gut...

Şu nakylyň yzyny dowam etmeli diýýä welin, eşden nakylym däl, bilýäniňiz bamy?

Dowamy »

89 10
Sorag-jogap, 6 hours ago


Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany

Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany


Arkadagyň belent pähmi Watanmyza şöhrat berýär,
Arkadagyň köňül mähri sungatyma ganat berýär,
Türkmenistan – eziz Diýar, ak ýollarda öňe barýar,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – şöhraty-şany,
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Wa...

Dowamy »

29 1
Edebiýat, 6 hours ago


@yashalym we @Tiko, agzalara jogap!

"Erkek sözüniň manysy näme üçin erkek diýildi" temasyna jogap
Düýn Mr. Writer agzamyz erkeklik hakynda birnäçe zatlary ýazypdyr, okanlaryma haýran galyp jogap bermek borjum hasaplaýan.
1. Erkek sözi edil bir erk sözünden gelenok, köne türki dillerinde "er" bolmak, doly we bütin bolmak, ýetişmek sözlerinden emele gelip "ek" at we sypat...

Dowamy »

166 5
Edebiýat, 4 days ago


Şahyryň gözi

Illeriň gözünden üýtgeşik däldir
Şahyryň gözi.
Edil seňki ýaly Ak, Gara köldür
Şahyryň gözi.

Emma şol Gara, Ak sereden çagy,
Has ýagşy saýgarar garany, agy.
Gözüň aňrysyndan aňşyrar çygy
Şahyryň gözi.

Gözüniň içinden bagry sereder,
Bagrynyň içinden şygry sered...

Dowamy »

23 0
Edebiýat, 4 days ago


Adamyň kasamy

Dünýäniň ýüzünde gözeller köpdür.
Emma bir gözel bar:
Saçlary – tokaý.
Gözleri – okean
Lebinden öpseň,
Mähriniň gyzgyny
Lebleriň ýakar.

Onuň saçlaryndan bir gezek öpseň,
Dünýäň ýüzündaki ähli agaçlar –
Dublar, garagaçlar,
Narlar, alçalar...
Hemmesi-de b...

Dowamy »

55 0
Edebiýat, 5 days ago


Mämeleriň

Sebäp bilen dahyl oldy güzerim,
Aklym haýran etdi şol mämeleriň.
Namyradam, neteý düşdi nazarym,
Üsti altyn-kümüş, pul mämeleriň.

Men Mejnunam,
Leýli saçyň barmydyr,
Jan kastyna owsun uran marmydyr,
Bilmen pudakdaky goşa narmydyr,
Bir-birine ogşar ol mämeleriň.
...

Dowamy »

168 11
Edebiýat, 5 days ago


Ýaşymyz

Istär elden çyka döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,
Dilegim duş eýle, gözel allahym!
Ersgin boldy, gitdi gyzylbaşymyz.

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun,
gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn
Bir sufrada eda bol...

Dowamy »

22 0
Edebiýat, 6 days ago


Çarwalaryň oturymlylyga geçirilmegi

Kolhoz gurluşygynyň öňüsyrasynda rеspublikada 24 müňе golaý hojalyk çarwaçylyk bilеn mеşgullanýardy. Çarwalaryň umumy sany 128 müň adam bolup, olaryň ilatyň 15 prosеntine barabardy. Sosial taýdan alanyňda, çarwalaryň 10 prosеnti baýlar, 31 prosеnti orta gurpdaky hojalyklar, 59 prosеnti bolsa garyp çarwalardy.
Elbеtdе, çarwaçylygyň hem özünе...

Dowamy »

38 0
Bilim, 6 days ago


Erkek sözüniň manysy, nämüçin erkek diýildi?

Erkek adamlara erkek diýilmeginiň sebäbi barada size gysgaça maglumat aýtmakçy! Erkek adama erkek diýilmeginiň sebäbini bilmek üçin ilki "erkek" sözüniň manysyny bileliň. Erkek sözi "erk" diýen sözden gelip çykýar. Erk diýmek özüne erk edip bilýär, özüne özi jogap berip, ähli zat öz ygtyýarynda diýmekdir. Erkek adama "erkek" sözüniň berilmegi, özün...

Dowamy »

215 15
Sorag-jogap, 6 days ago


Hakyky söýgi näme?

Hakyky söýginiň nämedigini bilmek isleýänleriň, bu mowzugy soňyna çenli okamaklaryny haýyş edýäris.
Belkide dogry ýoldan ýöremegiňize sebäp bolar.

Allahdan islenen zat haýyrlydyr, emma biziň öz saýlan zadymyzda şer barmy ýa-da haýyr barmy ony bilemzok
Şonuň üçin Allahdan haýyrlysyny islemeli.

***
<...

Dowamy »

126 6
Sorag-jogap, 6 days ago


Üçünji Garagum söweşi ýada basmaçylyk döwrüniň tamamlanmagy

1929-njy ýylda zorluk astynda gеçirilýän uçdantutma kollеktiwizasiýanyň başlanmagy bilеn ýеnе-dе ýaraga ýapyşanlaryň sany köpеlti. Öňki basmaçy toparlarynyň üstünе täzе toparlar goşuldy. Mysal üçin, diňе bir Doşhowuz okrugynda Şaltaý batyryň (Könürgеnç, Ýylanly, Goňrat etraplarynda), Ahmеt bеgiň, ÝAzan öküziň (ikisеm Tagtada), Oraz balanyň (Ýylanly...

Dowamy »

80 1
Edebiýat, 1 week ago


Dünýä juda mätäç merde.

Dünýe juda mätäç merde,
Derman bolup ýara derde.
Alkyş, sogap ýatmaz ýerde,
Kasas galmaz kyýamata.

Guly bolma men-menligiň,
Ýokdur diýme, bardyr kemiň.
Dag ýarýanam bolsa demiň
Mätäçsiň sen hemaýata.

Gadryn bilgin ataň barka,
Gizlemegin hataň barka.
Sa...

Dowamy »

62 3
Edebiýat, 1 week ago


Mämeleriň

On üç bilen on dört ýaşyň arasy,
Tözlenip galyşar, ýar, mämeleriň:
Örtenmekden gaýry bolmaz çäresi,
Gysymlap gyşarsam ak mämeleriň.

Gulman deý sallanyp,
sagynyp duran,
Husnuňa bent olar bir gezek gören,
Gunçalap, düwmeläp, täze uç beren,
Garaňkyda gardan ak mäm...

Dowamy »

224 6
Edebiýat, 1 week ago


Diliň derdinden

Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.

Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň,
Näzik...

Dowamy »

25 0
Edebiýat, 1 week ago


Hiç görmedim illerde

Keşt edip gezmişem pany jahany,
Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Şeýda köňül joşmaz özge güllerde.

Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men.
Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men,
Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.

Dowamy »

62 9
Edebiýat, 1 week ago


"NAMAZ" barada aýatlar.

Namaz barada aýatlar

"Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) haýyrsahawat edýärler."
(Bakara, 3)

***

"Sabyr etmek we namazy berjaý etmek bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin uly...

Dowamy »

86 1
Bilim, 1 week ago


Sözüm bar saňa.

Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa;
Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!

Şikeste men, zülpleriňe baglama,
Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
Myhmanyň men işigiňden kowlama,
Gerek dälmi namys bilen ar saňa?

...

Dowamy »

57 6
Edebiýat, 1 week ago


Aldady meni

Owal başda çirki dünýä
Saz bilen aldady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen aldady meni.

Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen aldady meni.

Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýek eken soňy-p...

Dowamy »

73 12
Edebiýat, 1 week ago


Pygamberimiziň doglan wagtynda dünýä

Pygamberimiziň doglan wagtynda dünýä

Beýik Allatagala özüniň buýruklaryny we gadagan eden zatlaryny adamlara beýan etmek, düşündirmek, bu dünýäde we ahyretde bagtyýarlyga gowuşmaklygyň ýoluny görkezmek üçin ilkinji pygamber Adam Atadan (a.s.) başlap, ençeme pygamberleri iberipdir.

Muňa garamazdan, ynsanlar wagtyň geçme...

Dowamy »

110 1
Sorag-jogap, 1 week ago


A

Ilkinji mugallymym
Nurýagdy Agaýewe.

35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.
Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.
Ýadymdan çykanok henize çenli,
Soňky deme çenli çykmazam asyl.

Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,
Partanyň deregne – ýasama stol.
Her stol başynda – dört sany çaga...

Dowamy »

176 19
Edebiýat, 1 week ago


Şoldyryn men

«ŞOLDURYN MEN…»

Zybandan däl, kalpdan syzlan,
Sözden däl, söýgüden düzlen,
Özgelere düşnüksiz, geň,
Saňa aýan däldirin men.

Basmarlasa gam-endişe,
Gün başarmaz…Göwnüň gije,
Alysdaky öçügsije,
Ýyldyz çoýsa, şolduryn men.

Men bir lowlap giden ataş.
Ýakar öýd...

Dowamy »

70 2
Edebiýat, 1 week ago


Nirde bitildi - şonda bitildi

(Aýdyşyk)

Magrupy:
Bizden salam olsun molla Gaýyba,
Dünýäniň binasy haçan tutuldy?
«Küntu-kenzen mahfiýenden» habar ber,
Kelemeýi-şahadat nirde bitildi?

Gaýyby:
Gaýry salam bolsun molla Magrupa,
Hak «kün» diýdi, şol gün bina edildi;
Tuby agajynyň ýapraklarynda...

Dowamy »

55 0
Edebiýat, 1 week ago


Çilimkeş

Her zaman gol salyp, kisesin barlap,
Köp dünýäsi bara meňzär çilimkeş;
Yzzat bilip, bir-birine hödürläp,
Geň tagamy bara meňzär çilimkeş.

Bir oba gelende, götinläp durar,
Hemrasyny egläp, ýolundan burar,
Aza-köpe baryp, özüni urar,
Zerur işi bara meňzär çilimkeş.

Için...

Dowamy »

56 1
Edebiýat, 1 week ago


Iňlis diline degişli täsinlikler

„Oksford„ sözlügine görä, iňlis dilindäki iň uzyn söz şudur: „pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis„ ( tüsse ýa-da tozan sebäpli döreýän öýken keseliniň ady).
Iňlis dilindäki iň uzyn bir bogunly söz „screeched„ (jygyldawuk) sözüdir.
Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp „e„ , iň az ulanylýan harp bolsa „q„ harpydyr.
Iňlis...

Dowamy »

127 3
Bilim, 1 week ago


Işanym

Haky pena bilip, saňa sygynyp,
Yhlas bilen ýörip geldim, işanym!
Ikinji Haýdaryň ýolunda ýörüp,
Üçünji äleme doldum, işanym!

Toýnak bilen dagyn-daşyn uşatdym...
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Çoh işler gaýyryp, gala boşatdym,
Aly Zülpükaryn çaldym, işanym!

Dowamy »

61 3
Edebiýat, 1 week ago