Boljak ýigit ýaşlykdan,
Ol owwal başda bellidir;
Ula-kiçä özün aldyr,
Deň bilen duşda bellidir.

Birewe ýoldaş bolanda,
Gatnaşyp, gardaş bolanda,
Ýagşy-ýaman iş bolanda,
Çyn dost geňeşde bellidir.

Bir niçe adam çen bilen,
Çeni gatadyr çyn bilen,
At tanatdyrmaz syn bilen,
Ýüwrük ýaryşda bellidir.

Köp goşun başlan serdarlar,
Mert kişiler gider barlar,
Namart gury öýde gürlär,
Batyr söweşde bellidir.

Her kişiniň bolsa akly,
Söz jaýynda sözlär hakly,
Uzak ýola agyr ýükli
Iner gidişde bellidir.

Ilden yrak çöl ülkede
Şir saýar özün tilki-de,
Suhangöýler märekede,
Jomartlar aşda bellidir.

Zelili diýer, serhoşlar,
Ýorga münüp, ýüwrük goşlar,
Eýesin islän derwüşler
Säher göz ýaşda bellidir.


Gurbandurdy ZELILI

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir