atlar çapyp barýar, toýnaklar gyzyp, dünýäň gursagyna darak kakýardy. daş ýaran ykbala ynamy syzyp, uçup barýan bedewlere hak ýardy. aýlawa bezegdir olaň topbagy, baryna deň pata berdi oguzlar. nallar daşa öwrüp, zyňýar topragy, şemallary ýaryp geçýär omuzlar. türkmen topragynda toýlanyp baýram, olarsyz geçirlen gezegi ýokdur. ýaryşsa jylawsyz ýelleri maýran, bedewsiz buýsanjyň bezegi ýokdur. atlar çapyp barýar gyzan toýnaklar, ahyr nalaçlygyň wagtyn soňlady. maksat yhlasyňa gaýrat goýmakdyr, barylmaly menzil, bagty oňlady. aňyrdandyr çyn bedewiň owsunjy, ýükün syrdaşynyň üstüne atmaz. joşa gelip ýüregimiň buýsanjy, çüwdürlip atylýar:--e-he-heý, atlar! sizsiz ýaşaýyşyň manysy barmy? siz dälmi nä, geljege-de çyragym. haýran etdi adamzadyň baryny, pygamberi arşa elten byragym. atlar çapyp barýar, towlanyp ýollar, göwüslere burçak-burçak der insin. bedewim, ýel bilen daraýyn ýallaň, ýow güni ýolbarsym, toýda perimsiň. jylawyňda mesgen tutan erenleň, dogasy keremli bulaga döndi. kişňäňde owazyň çykyp pereňden, älemiň ählisi gulaga döndi. geregi barmyka ýylan deý gamçyň? asyrlyk menzili bir ýylda geçdiň. ýüregiňde jaý tapylmaz gam üçin, bedewim, bedewlik ýollary seçdiň. atlar çapyp barýar, guýruklar düwlen, möwç urýan ummandan uçup geçýärler. pyşyrdysam çykmaz haýbatly "çüwleň", atlar ganat baglap arşa göçýärler. şahyr-ilmet gurban

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir