nurmuhammet meredowyñ ýagty ýadigärligine bagyshlanýar. Nadan pelek, namart pelek, aç pelek, gözûñ aýdyñ eliñ geldi ýene-de. Kim ol saña diýjek edeniñ telek, at okuñy sen onlukdan çene-de. Bu gûn guma gardyñ saýrak bilbili, solsun gûller, hem gurasyn gunçalar. Wasp edip taryplap bilbilsiz gûli, indi deprek kaksyn munda ençeler. Ol bilbiliñ gadyryny bilmedik, ýöne ýetishipdik oña at dakyp. Aýdymlana aglamadyk, gûlmedik, gel tomasha ediñ, heshelle kakyp. Bogazyma tegek bolýar ahmyr, gam, mundan artyk çydamok men bagyshlañ. Seniñ iki dûnýäñ abatdyr, agam, ýatan ýeriñ ýagty bolsun bagshyjan!

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir