eý biribar, huzuryňda arzym bar! nämeda meň geçilmesiz ýazygym. küpür gürlemäýin, çäksiz parzym bar, däl-ä ýogsam, gara gaýgym azygym. ýa bähbit arasam goşsunlar kündä, aýtsynlar aýbymy, assynlar dardan. ýöne artyk munça jebriň bir bendä, ölüp bilmän ýörkäm, öň köýen ardan. undup bolsady, gazawadyň nalasyn, janym ýakyp beýle ömür sürmezdim. ýa bolmasam mert ýomudyň balasy, aç gurt kibi takdyra ten bermezdim. arman yzda gana ýuwlan watan bar, gülleri mahmaldan kesegi zerden. çözülmesi çylşyrymly matal bar, o nähili hossar, keseki ýerden. olar ýedi derýaň suwuny içip, bosagaň agzyna siýip bilýärka. taňrym olaň sözi ýol alýar niçik, ýalan gepi nädip diýip bilýärkä. ýurdy ýykyp göýä watançy olar, ýurdy gorap menem basmaçy bolýan. ýeri muňa nädip düşünmek bolar, ine şuňa weli, haýranlar galýan. bilýärin, ýeňildim, ýaşyl tug syndy, derejäniň deň däldigin bilýärin. rejäniň geň däldigin bilýärin, bilemok jynazaň kim okar indi. besdir, bozulmaýyn men mundan artyk, allam, aýralykda bagrym ezerin. sanalgym dolýança nesibäm dartyp, ile gelmek höwesinde gezerin. şahyr-ilmet gurban

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir