Iberilmedik hat näçe ýyllap men aýgyda gelmedim, wagt bejerer öýdüp ýürek awusyn. ahyry şu haty ýazman bilmedim, täleýimden uçup giden tawusym. barybir, adybir görküň unutman, şol günem ýadymda galdy düýş ýaly. hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň, geçmesi kyn, pursat deýin süýşýäni. buýsanjaňdyň, üstesine gedemdiň, menem heniz aw görmedik ýeke-nil. şol pursat aýgytly pikir edemde, bagtymy bagryma basjak ekenim. başymdan geçensoň boýun alýaryn, ýagşy-ýaman wakakalaryň ençesi. açdy söýgiň ýeke sapar bolýanyn, soň sataşan gözelleriň sençesi. şonda tapan bolsam eziz leglegim, has mylaýym ýoluň, gowne degmegiň. saçlaryň üstüme saýa bolardy, ökünjem ömürlik zaýa bolardy. bolmaz eken geçen günleň gaýdymy, senem indi äre çykdyň toý berip. şanyna ilkinji, soňky aýdymy, ýazdym, ýöne bilmen sana goýberip. şahyr-Ilmet Gurban

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir