Kanunalaýyklyk Bir bende daglarda ýaşap, Miweli bag görmän eken. Bir gün oňa dagdan aşak, Jülgä düşmek nesip çeken. Jennetmişin nirä baksa, Gara baglar doly heňmiş. Ýazlyp ýatan ýaşyl bakja, Aslyp duran hozlar geňmiş. Ahmyr edipdir keseki, Öňräk gelmänin bu taýa. Ogşap topragy, kesegi, Alkyş okapdyr Hudaýa. "Ýöne bir kemi bar, Allam, Gawun inçe biýarada. Hozy-da agaçdan sallap, Ýalňyşypsyň bu barada" Ahyr ýadap uklar ýaly, Ýer agtaryp göz aýlapdy. Bir ýere jemläp hyýaly, Hozuň agajyn saýlapdyr. Uka gidensoň dessine, Bir täsin waka bolanmyş. Hoz agajynyň üstüne, Bir garga gelip gonanmyş. Garga şahany egensoň, Hozuň birin gaçyrypdyr. Dogry maňlaýna degensoň, Ol ukudan açylypdyr. Çilik ýaly çişin elläp, Akylyna aýlananmyş. Öz ýalňyşyn özi belläp, Ine, hakda oýlananmyş: "Eger agajyň üstünde, Torly gawun bişen bolsa. Menem ýatyrkam astynda, Şunuň ýaly düşen bolsa. Mynjyratjak eken barym, Degen bolsa gara kellä. Bu dünýäniň sazlap baryn, Döredenňe şükür, Alla!" ŞAHYR-ILMET GURBAN

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir