10-ÝYLLYK ondan bäri eýýäm on ýyl geçipdir, göwnüme bolmasa ýaňydy, ýaňy. gulagymda ýaňlanyp dur henizem, mekdep ýyllarymyň iň soňky jaňy. hawa, şondan soňra pytradyk gitdik, ýatladyp sülgüniň jüýjelerini. ondan bäri geçen günizlerimi, ondan bäri geçen gijelerimi: hatda geçip giden on ýyl döwrümem, ýadyma düşürip aňymda aýlap, hiç ýatlap bilemok täsin wakany, ykbalyň her niçik pursatyn saýlap. klasdaş oglanlarym, klasdaş gyzlarym, dürli garaýyşly, dürli gylykly. indi göz ýetirýän, indi düşünýän, mekdep ýyllarymyz neneň gyzykly. bar zat boldy ikiligem, bäşligem, has gülkünç ekeni kä gylygymyz. nädip undup bolar mekdep ýyllaryn, ol--biziň şadyýan çagalaygymyz!

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir