Tûrkmeniñ dûzûne bägûl getirdi, ýazlar. Bägûliñ ysyndan bashyñ aýlanyp, serhosh bolup giden, ýûrek ýarylar. Tûrkmeniñ dûzûne yagysh getirdi, ýazlar. Gögûñ gûmmûrdisi-bu elhenç däl-de, ol hökmany eshdilmeli owazdyr. Ýazda häli-shindi geler öýlänchi, sähralar ýuwunar hem dolar kaklar. Täsin owlaklaryn yzyna tirkäp, kaka tarap ýoda salar keyikler. Sagam, solam bagtdan doly ýodanyñ, bagta bagly dälmi, eýsem, keýpler?! Dûshûnmezlik edip janawerlere, Tûpeñ çenemeklik diýseñ aýypdyr. Hawa, ýagysh geldi ýene-de sähra, sährañ gursagyna gussalar çökmez. Ho-ol uzaklarda ýyldyrym çakdy, ýok, ýok, ýyldyrymlar hiç beýle çakmaz. Ýyldyrymlar oñatlygyñ mysaly, olar diñe ýagshylyga hyruçdyr. Ýyldyrym däl eken, betpäller eken, ellerinde naýzalar hem gylyçlar. Galkan gerek goranmaga gylyçdan, sowut gerek goranmaga naýzadan. Hany galkan, sowut penalar ýaly, öñ az bolsa, köpeltmeli täzeden. Al ganlar dökûldi ýashyl ýaýlada, ýashamak sheýlebir çylshyrymlashdy. Keýiklerem, adamlaram awlandy, gara ýylan ak ğûllere çyrmashdy. Içiñ tutup galdyñ juda köp gezek, kim maslahat berer, kim berer sapak?! Asmanyñ, ýyldyzyñ señki bolmaly, hem señki bolmaly bu ene toprak. Emma dawa salýar, keseki shalar, altyna öwrip kesegi shalar. Altynam shalañky, zerem shalañky, asmanam shalañky, yerem shalañky, gelinem shalañky, gyzam shalañky, bashga hili bolup bilmez talañçy. Ýerine ýetirdi olar sargydy, alyp biler turkmenlerden salgydy. Ýöne tûrkmen bu ýashaýshy islemez, beýle bolsa dûnýä gelmek ne derkar?! Asmandan inse-de, görden çyksa-da, tûrkmene gerek bir ärýûrek serdar. Shahyr-ilmet gurban. 1983-nji ýyl. Edebiýat we sungat.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir