Salam! Bagyşlaň öte geçýän ýerlerim bolsa öňünden ötünç soraýan. Şu ýerde özümiň pikirlerimi ýazmak isledim. 2012-de ahyr zaman bolýa, aý ol eýle bolýa, bu beýle bolýa diýýäler weli näme üçinka. Men bir zady bilýän kim ölse şonuň başynda ahyr zaman. Ol belli zat. Ýöne ahyr zaman bolman näme boldy. Bir adam müň adam üçin, müň adam bir adam üçin. Meselem molla-magsymlar metjitde namaz okany üçin dowletden aýlyk alýalar. Entek türkmenistanda eýle diýibä eşdemok. Ýone beýleki käbir musulman dowletleriň käbirlerinde bar şeýle ýagday. A bizde bolsa açygyndan açyk bilýän zadym näme üçin Haja gitjek bolýan adamlardan para alýalar, seni Haja iberýäs diýip. Gaýtam oňa derek sen "Haja barýaň, sadakamyz bolsun" diýip kömek etmeden geçen. Gurplyrak adam bilen pukara adamyň ikisiniň jynazasy(namazy) deň gelse gurply adamyň namazyna barýalar magsymlar. Näme üçin aýat-töwir okalanda, hatym çykylanda nyrh kesýäler. Metjide düşen sadaka-hudaý ýoly pullardan alyp öz bähbitlerine ulanýalar. Näme üçin Türkmenistanda ýetimler öýünde ýetim çagalaryň ýaşamagyna derek baýlaryň, häkimleriň, mnistrleriň, başlyklaryň, çagalary ýaşaýa. 75%-i şolar. Men diri şaýat. Ine şu zatlaryň, adamlaryň päliniň bozulmagy netijesinde bu ýalançy dünýede, Alla tarapyndan nähili wagşy zatlar emele gelýä. Elbetde hasapsyz zat ýokdur. Sizem öz pikirleriňizi ýazsaňyz hoşal bolardym hormatly agzalar.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir