Talyp ýyllarym Yza dolasadym, bolsady öwrüm, Bu durmuşyň çarkandykly ýollaryn. Ömrümde bagtyýar, nowjuwan döwrüm, Ah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. Ýaşadym umumy ýatak jaýynda, Boldy kreý töläp ýaşan aýym-da. Sag bol, ornum boldy bagtyň paýynda, Ah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. Iň soňky döwrebap eşik geýmişem, Ençe-ençe gözelleri söýmişem. Barysyna dostluk sözi diýmişem, Ah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. Näçe-näçe synaglardan geçdim men, Köp zat okap, köp zatlary eştdim men. Bir ajýyp täsin dünýä düşdim men, Ah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. Kalbymdaky bir ummasyz baýlykdyr, Owal-ahyr ýüregimde şalykdyr. Ýadygärlik nyşan bolup galypdyr, Ah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. Berdi Arazgylyjow ya-da Wepaly Wadaryg lakamy

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir