çöp-çalamyň arasyndan saýlanan, ýaz otuna öwşün atýar baýyrlar. şu gun türkmen sährasyna aýlanan, arly ýyllap argynlykdan aýrylar. başyny sämedip ýazyň ysyna, gözellige gark bolupdyr bossanlar. gülälekleň güllerini diýsene, ýyldyzlar gaçypdyr agşam asmandan. süňňüň söklüp barýar ýaz howasyna, jahan hüwdülenýär guş owazyna. gorkyny undupdyr bogaz towşanlar, awçy busup, tüpeňine ýapşanok. gar bilen eränsoň gabahat günä, başlanypdyr diňe haýryň günleri. taýsyz gözellige geçýän deý güwä, aşak owsunýardy asman gümmezi. bahar joşgunynda ýaşlyga meňzap, sermest bolup, çyndan söýýärdi barlyk. "zemin--magşuk, asman--aşyga meňzäp, söýmegi başaryň" diýýärdi barlyk.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir