göze görünmeýän jadygöý dälmiň? men saňa uzadýan ellerim, ýyllar. söýgi ummanynda gark etdi gämim, yşk atly däliräk ýelleriň, ýyllar. üýtgedýäň durmuşam, aňam, göwrümem, düýş etdiň saçlarmyň ösgün döwrünem. ony şäher gyrtyjyna öwrübem, taşlanok gaýçysyn dellegiň, ýyllar. bolsa-da oýunlaň, gödeksi, ýeser, geçen geçdi, gezdim mydam serbe-ser. ýetişeýin, indi beri salym ber, gülledip ömrümiň mellegin, ýyllar. tiz unudyp öýke eden zadymy, kalbym gowa, haýra berdim ýadymy. il diýip ýaňlanyp duran adymy, döwrüň kitabyna bellegin, ýyllar.

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir