***** Zehinim dyňzaýar çarpaýa galyp, ýürek karar tapar gozasa şu gün. bitarap ilimiň ilçisi bolup, razy men gitmäge dowzaha şu gün. şu gün iliň akymyna goşulup, men keseki däldigime begendim. onuň beýik akylyna goşulup, aýdym ýazsam tylla şaýa degerdim watan waspy maksat tutup köňülde, sil bolup bowediň gursagyn deşýär. garaşsyzlyk seýilgähiň öňünde, gurulan heýkeller ýadyma düşýär. onda türkmen gyzlar egni küýzeli, suw akydyp teşneligi ýakyp dur. şeýle menem ýüregimiň küýsegi, goşgularym ile tarap akyp dur. geldim ömrüm ykbalyňa garmaga, maňa söýmek berilmändir pynhandan. razy şu gün öwezine dolmana, zelilini boşatsalar zyndandan. jöwzaly sährada çadyr dikeýin, jelaleddin soltan demin dürsesin. ýazgylarna demir daşlyk tikeýin, başyma täç edip beýik mürzesin. watan üçin başyn goýan pederleň, niçik bolar hyzmatynda ýaş bolsam. başlaryny egip togap ederler, magtymgulyň heýkelinde daş bolsam. beýik pirleň ellerne suw akytjak, garawullap gezip olaň golaýyn. ilim seni bakylyga äkitjek, tigirlere birje halka bolaýyn. heňňamlar aýlansa güýçlini seçip, ysgynym gaçsa-da armanym näme. başga biri meniň ornuma geçip, seniň tizligiňe bat berer täze. dilime çolaman şonda hyzmatym, zyňylsa möwritin ötüren halka. çünki köpi haýran edip kysmatym, has golaý bolaryn watana, halka. halkym saňa del bolandan, tamdyryňda kül bolaýyn. oduň öçrüp ýel bolandan, kesewiňde gül bolaýyn. näme bolsam, şol bolaýyn, saňa zerur zer bolaýyn. baky uka giden günüm, bir mukaddes ýer bolaýyn. şahyr-ilmet gurban

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir