Tramp: ABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara hoşallygymy bildirýärin
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Donald Tramp gutlagynda: «Halkyňyzyň bu şanly senäni baýram edýän gününde Aşgabadyň köçeleri milli buýsanja beslener. Birleşen...
Si Szinpin: Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi berlişi ýaly, Si Szinpin gutlagynda: «Türkmenistanyň «Berkarar döwletiň täze eýý...
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny gutlady. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda şeýle diýilýär:
«Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly taryhy ähmiýetli w...
Milli Lider ahalteke bedewlerine bagyşlanan telewizion filmleriň döwletara bäsleşigi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewleriň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
«Watan» habarlar gepleş...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewleriň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
B...
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konsertine gatnaşdy
Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisler merkezind...
Daşary ýurtlaryň raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama gowşuryldy
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Daşary ýurtlaryň raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygt...
Hyratda «Lapis Lazuli» geçelgesi boýunça iş duşuşygy geçirildi
Owganystanyň Hyrat şäherinde «Lapis Lazuli» ulag-geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak we olaryň hereketini ýeňilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda hab...
Arkadag şäherinde Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Düýn Arkadag şäherinde Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli häzirkizaman amatlyklaryny özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çärä şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar we myhmanlar gatnaşdy.
Şäheriň medeniýet we sungat işgärleri täze jaýlara göçüp gelýän maşgal...
Toyota düýbünden täze Corolla modelini taýýarlaýar
Toyota kompaniýasy eýýäm geljek ýylda peýda bolup biljek Corolla modeliniň täze neslini taýýarlaýar. Deslapky maglumatlara görä, adaty sedan indi liftbek gabarasynda, zarýad berilýän gibrid we doly elektrik görnüşde çykarylyp bilner.
Corolla Toyota-nyň iň köp satylýan modelleriniň biri bolmagynda galýar: ýylyň ilkinji alty aýynda ABŞ-daky di...
Rassell «Formula-1-iň» Azerbaýjan Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
«Mercedes» toparynyň beýik britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell «Formula-1» çempionatynyň möwsümdäki 15-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.
Bu ýyl Azerbaýjandaky ýaryş 27-nji sentýabrda ýurtda Hatyra gününiň bellenilýändigi sebäpli, adatdakysy ýaly, ýekşenbe güni däl-de, şenbe güni geçirildi.
28 ýaşly Rassell kar...
Tailand 2027-nji ýylda syýahatçylardan alynýan tölegi köpeltmegi meýilleşdirýär
Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin 450 bat (takmynan, $13,5) möçberinde ýygym girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada degişli başlangyjyň taslamasyna salgylanyp, «The Nation» neşiri ýazýar.
Ilkibaşda hökümet ýurda uçar arkaly gelýänler üçin 300 bat ($9), gury ýer we deňiz ýoly bilen gelýänler üçin bolsa 150 bat ($4,5) möçber...
Türkmen hünärmenleri saç ekmek boýunça 6 000-den gowrak üstünlikli operasiýany geçirdi
Asly türkmenistanly hünärmenler saçy, sakgaly we gaşy dikeltmäge ýöriteleşdirilen OguzMed halkara klinikalar ulgamyny döretdi. Lukmanlar bu ugurda häzire çenli 6 000-den gowrak üstünlikli operasiýany geçirdi, ekilen saçlaryň ornaşmak derejesi bolsa 95–99%-e deň boldy.
Bu taslamany Saç ekmek boýunça rus jemgyýetiniň (RSHRS) agzasy, transplant...
FIDE-niň prezidenti wezipesine gazagystanly milliarder Timur Turlow geçdi
26-njy sentýabrda Samarkantda (Özbegistan) Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) Baş Assambleýasynda guramanyň prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Timur Turlow ýeňiş gazandy.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Turlow 110 ses alyp, 85 ses toplan germaniýaly bäsdeşi Wadim Rozenşteýn...
Bill Geýts emeli aň sebäpli milliardlarça adamyň howp astyndadygyny duýdurýar
Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts NBC News teleýaýlymyna beren gürrüňdeşliginde emeli aňyň ösmeginiň adamzat üçin global töwekgelçilikleri döredýändigini aýtdy.
Onuň pikiriçe, tehnologiýa kompaniýalary öz işlerine diňe öz-özüňi düzgünleşdirmek arkaly gözegçilik etmäge ukyply däl, şonuň üçin bu işe häkimýetler hem goşulmalydyr....
The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 serialyny saýlady
The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 serialynyň sanawyny çap etdi. Sanawy taýýarlamaga aktýorlar, ssenariçiler, serial döredijiler, prodýuserler we telewideniýe pudagynyň beýleki hünärmenlerinden ybarat jemi 500-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň her birine on serialyň adyny aýtmaga rugsat edildi.
Saýlawçylaryň arasynda ýazyjy Stiwen King...
Fernando Alonso taryhda iň gymmat Bugatti Veyron-yň eýesi boldy
Formula-1 ýaryşynyň iki gezek çempiony Fernando Alonso öz awtoulaglar toplumynyň üstüni ýeke-täk nusgada öndürilen aýratyn Bugatti Veyron Grand Sport Vitesse bilen ýetirdi. Bu awtoulag brendiň taryhyndaky iň gymmat Veyron hökmünde tanalýar.
Alonso bu ulagda Monakoda sürüp barýarka göze ilipdir.
Gürrüň 2015-nji ýylda ýörite sargyt boýu...
Prezident iş kesilen 1054 raýatyň günäsini geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutany asylly däbe görä, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe söz berildi. Soňra Türkmenistany Mejlisiniň...
Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medal gowşuryldy
Şu gün «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde h...