Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewleriň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, iş saparynyň çäginde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri, assosiasiýanyň 16-njy mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler barada, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň dowamynda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde meýilleşdirilen toý-baýramlaryň, at çapyşyklarynyň guramaçylyk derejesi we çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bedew atlar bilen baglanyşykly çäreler türkmen halkynyň milli toý dessurlary bilen utgaşdyrylar. Şeýle hem wise-premýer Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagy we Arkadagly Gahryman Serdary tüýs ýürekden gutlap, atçylyk pudagyny ösdürmekde döredilýän şertler üçin özüniň hoşallygyny bildirdi. Milli Lider Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda halkyyň behişdi bedewlere bolan mizemez söýgüsiniň duýulmalydygyny belledi. Tutulýan toýlar ýurduň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesiniň, halkyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan giňden wagyz edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi. Munuň özi Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň teleýaýlymlarynyň işgärleriniň ahalteke bedewlerine bagyşlanan wideofilmleri döretmeklerine giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, ähli meýilleşdirilen çäreleriň, telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň zerurdygyny aýdyp, Gahryman Arkadag bu işlere degişli ýolbaşçylaryň örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, ähli kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→