Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär. Daşary ýurtlaryň raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama gowşuryldy Dabaranyň dowamynda daşary ýurtlaryň raýatlarynyň 146-syna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylyk we halkara kadalar esasynda Türkmenistanda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.