The New York Times XXI asyryň iň gowy 100 serialynyň sanawyny çap etdi. Sanawy taýýarlamaga aktýorlar, ssenariçiler, serial döredijiler, prodýuserler we telewideniýe pudagynyň beýleki hünärmenlerinden ybarat jemi 500-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň her birine on serialyň adyny aýtmaga rugsat edildi. Saýlawçylaryň arasynda ýazyjy Stiwen King, «Simpsons» multserialynyň döredijisi Met Greýning, YouTube kompaniýasynyň baş direktory Nil Mohan hem-de meşhur seriallarda surata düşen aktýorlar bar. Sanawa diňe 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň ilkinji gezek görkezilen seriallar girizildi. Şol sebäpli «Sopranolar klany» serialy sanawa girmedi. Sanawy taýýarlanlaryň bellemegine görä, bu serial soňky çärýek asyrda döredilen iň gowy seriallaryň tas hemmesine diýen ýaly uly täsir edipdir. Ine-de, sanawyň ilkinji 20-ligi: «Garadan gaýtmaz» (Breaking Bad) — 2008–2013, AMC «Gizlin diňleme» (The Wire) — 2002–2008, HBO «Telbeler» (Mad Men) — 2007–2015, AMC «Mirasdarlar» (Succession) — 2018–2023, HBO «Bolgusyz» (Fleabag) — 2016–2019, BBC Three / BBC One «Tagtlaryň oýny» (Game of Thrones) — 2011–2019, HBO «Wise-prezident» (Veep) — 2012–2019, HBO «30-njy studiýa» (30 Rock) — 2006–2013, NBC «Höwesiňe "haý" diý» (Curb Your Enthusiasm) — 2000–2024, HBO «Atlanta» (Atlanta) — 2016–2022, FX «Ofis» (The Office) — 2005–2013, NBC «Ösüşden galan» (Arrested Development) — 2003–2019, Fox / Netflix «Gyzlar» (Girls) — 2012–2017, HBO «Anna agşamynyň ýalkymy» (Friday Night Lights) — 2006–2011, NBC / The 101 Network «Müşderi hemişe öli» (Six Feet Under) — 2001–2005, HBO «Ofis», britan görnüşi (The Office) — 2001–2003, BBC Two «Amerikalylar» (The Americans) — 2013–2018, FX «Men seni ýok edip bilerin» (I May Destroy You) — 2020, BBC One / HBO «Çernobyl» (Chernobyl) — 2019, HBO / Sky Atlantic «Täç» (The Crown) — 2016–2023, Netflix Sanaw diňe adaty telewideniýe seriallary bilen çäklenmeýär. The New York Times birnäçe bölümden ybarat bolan, haýsy görnüşde ýa-da haýsy dilde düşürilendigine garamazdan, islendik serialy bu saýlawa goşmaga mümkinçilik berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→