Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutany asylly däbe görä, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbe eýermek bilen, iş kesilen 1054 raýatyň ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk-de azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Döwlet Baştutany toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.