Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Mejlisler merkezinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasyna şeýle hem Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurduň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar Garaşsyz Watanyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, çagalar döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Gahryman Arkadagyň sözlerine döredilen «Bedew» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi Watanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllarynda bedew badynda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar ýakymly owazy, çuň manyly sözleri bilen diňleýjileriň ählisiniň kalbyna ornaşyp, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň dowamly bolmagy hem muny aýdyň görkezdi.