Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi berlişi ýaly, Si Szinpin gutlagynda: «Türkmenistanyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» strategiýasy yzygiderli ilerledilýär, döwlet ösüşi belent sepgitlere ýetirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişligindäki abraýy barha ýokarlanýar. Hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar. Geçen ýyl biz iki gezek duşuşdyk, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşdyk, şeýle hem hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledik. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärin hem-de Siziň bilen halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň «Bitewi ykbal bileleşigini» gurmagy täze derejä çykarmak üçin tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyryn. Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin» diýip belledi.