Formula-1 ýaryşynyň iki gezek çempiony Fernando Alonso öz awtoulaglar toplumynyň üstüni ýeke-täk nusgada öndürilen aýratyn Bugatti Veyron Grand Sport Vitesse bilen ýetirdi. Bu awtoulag brendiň taryhyndaky iň gymmat Veyron hökmünde tanalýar. Alonso bu ulagda Monakoda sürüp barýarka göze ilipdir. Gürrüň 2015-nji ýylda ýörite sargyt boýunça diňe ýekeje nusgada öndürilen, 8100 belgili şassisi bolan awtoulag barada barýar. Onuň ilkinji eýesi bu modeli Bugatti Veyron 16.4 Pur Sang nusgasyndan ylhamlanyp sargyt edipdir. Sargytçy ähli gabara panelleriniň, şol sanda bamperleriniň hem köpçülikleýin öndürilýän nusgadaky ýaly plastmassadan däl-de, alýuminden ýasalmagyny isläpdir. Bugatti ilkibaşda çykdajysynyň ýokarydygy sebäpli bu taslamadan ýüz öwürse-de, ahyrynda ony kabul edipdir. Awtoulagyň gabara panellerini taýýarlamak üçin 20 tonnadan gowrak alýumin ulanylypdyr. Onuň her bir elementi aýratyn alýumin böleginden işlenip taýýarlanylyp, soňra aýna ýaly ýalpyldadylypdyr. Gabarada ýalpyldadylan alýumin bilen uglerod süýüminden ýasalan bölekler utgaşýar, salony bolsa açyk gyzyl deri bezeýär. Awtoulag Vitesse mahsus bolan 8 litrlik, dört sany turboüfleýjili W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. Onuň kuwwaty 1200 at güýjüne, aýlanma pursady bolsa 1500 Nm-e deň. Giperkaryň 100 km/sag tizlige çykmagy üçin bary-ýogy 2,6 sekunt gerek. Üçekli ýagdaýynda onuň iň ýokary tizligi sagatda 410 kilometre ýetýär. Alonso bu ulagy Pagani Zonda Diamante Verde awtoulagyny satyn alan ýerinden, ýagny Germaniýanyň Mechatronik dilerinden alypdyr. Ylalaşygyň bahasy aýan edilmeýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, diňe özboluşly gabaranyň bahasy 2,3 million ýewro bolan Vitesse-iň adaty nusgasynyň bahasyndan hem ýokary bolupdyr. Awtoulagyň ilkinji eýesi dokuz ýylyň dowamynda bary-ýogy 750 kilometr ýol geçipdir. Şondan soň awtoulag satuwa çykarylypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→