Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe söz berildi. Soňra Türkmenistany Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde hem-de döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik waka bolandygyny belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa mejlisiň dowamynda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakyndaky resminamanyň taslamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleriň geçirilýändigini belläp, şunuň bilen baglylyk-da bu çäreleri guramaçylykly geçirmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyr bilen mejlise gatnaşyjylary, türkmen halkyny Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.