Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, Donald Tramp gutlagynda: «Halkyňyzyň bu şanly senäni baýram edýän gününde Aşgabadyň köçeleri milli buýsanja beslener. Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň syýasy özygtyýarlylygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde Siziň döwletiňiziň taryhynda aýratyn orun eýeledi. Men bu şanly baýramy Siziň bilen paýlaşyp bilýändigime buýsanýaryn. Geçen ýylyň noýabr aýynda Ak tamda Sizi kabul etmek meniň üçin örän ýakymly boldy. Biziň umumy maksady paýlaşýandygymyzy, ýagny ýurtlarymyzyň bähbitlerini birinji orna goýýandygymyzy bilýärin we iki ýurduň arasyndaky diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklar üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn. Meniň maşgalam hem Size we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edýärin» diýip belledi.