Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewleriň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Baýramçylyk günlerinde ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanynyň ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletiň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ahalteke bedewlerini gorap saklamakda hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Gahryman Arkadag, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisiniň we milli atşynaslyk hem-de seýisçilik sungaty boýunça pikir alyşmalaryň geçiriljek ýerlerinde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadag meýilleşdirilen çäreleriň ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejedäki guramaçylyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylaryň maglumatlaryny diňledi. Öňde boljak baýramçylyk çäreleri we meýilleşdirilen maslahatlaryň medeni maksatnamasy hem-de halkara forumlaryň gün tertibine giriziljek meseleler häzirki döwürde halkara giňişlikde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalar nazara alnyp taýýarlanyldy. Munuň özi ýurtda giňden bellenilýän toý-baýramlaryň çäklerinde guralýan halkara we milli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün eder.