Özbegistan bilen Gazagystan harytlaryň 19 topary üçin söwda çäklendirmelerini aradan aýyrýar
Özbegistan we Gazagystan 10-njy awgustdan başlap, harytlaryň 19 topary üçin tarif we tarif däl çäklendirmeleri aýyrýarlar. Taraplar bu ylalaşygy Daşkentde geçirilen özbek-gazak söwda-forumynda kabul etdiler.
Ylalaşyk oba hojalyk önümlerini, dokma (tekstil) önümlerini, gurluşyk serişdelerini, enjamlary, elektrotehnikany, awtoätiýaçlyk...
Rus režissýorlary we türkmen artistleri Aşgabatda Puşkiniň «Kiçijik tragediýalaryny» sahnalaşdyrýar
Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşiginiň (TIB RF) we A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik laboratoriýasy geçirilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Döredijilik tejribesi hökmünde russiýaly režissýorlar we türkmen artistleri bilelikde A.S.Puşkiniň «Kiçijik tragediýal...
Chanel-iň öňki işgärleri ammardan 2,4 mln dollarlyk önümi ogurlamaga synanyşdylar
Gonkong şäherinde Chanel kompaniýasynyň öňki işgärleri ammardan umumy bahasy 2,4 million dollara golaýlaýan 601 sany torbany we 123 sany gapjygy ogurlamaga synanyşypdyrlar. Başa barmadyk jenaýatlary üçin olar dört ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum edildi, diýip, FashionUnited neşiri ýazýar.
Şowsuz synanyşyk on ýyl öň bolup geç...
Türkmen okuwçylary Londonda geçen «IWISE Global Final» bäsleşiginde 10 medal gazandy
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 2–7-nji awgust aralygynda Londonda geçirilen «IWISE Global Final London 2026» halkara bäsleşiginde jemi 10 medal, şol sanda 6 sany altyn medal gazandy. Bäsleşige 25 ýurtdan okuwçylar gatnaşdy.
Bäsleşikde Türkmenistanyň adyndan 10 sany mekdep okuwçysy çykyş etdi. Topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöritele...
Merkezi Aziýa ýurtlary Syrderýa basseýninde suwy awtomatik hasaplaýjy ulgamy taýýarlaýar
Merkezi Aziýa ýurtlary Syrderýa basseýninde suw serişdeleriniň awtomatik hasabyny ýöretjek ulgamy ornaşdyrmak boýunça meýilnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy makullady. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi habar berdi.
Çözgüt Türküstanda geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komi...
Çaganyň saglygy dogluş tertibine bagly. Uly perzent kesellegen bolýar, körpe bolsa...
Çagalaryň dogluş tertibi dürli keselleriň ýüze çykmagyna täsir edip bilýär. Şeýle netijä iki çagaly maşgalalardan bolan 10 milliondan gowrak adamyň maglumatlary boýunça geçirilen seljermeler sebäp boldy.
Barlagçylar dogluş tertibi bilen 150 sany keseliň — ruhy bozulmalardan başlap, aşgazan-içege kesellerine çenli aralykdaky sökellikl...
Netflix «Kalmar oýnunyň» amerikan wersiýasyndan el çekdi
Netflix «Kalmar oýny» (Squid Game) serialynyň amerikan spin-off-yny işläp düzmegini bes etdi. Ony režissýor Dewid Finçer düşürmelidi diýip, The Playlist portaly habar berýär.
«Kalmar oýny: Amerika» (Squid Game: America) diýip deslapky ady bilen bilinýän taslama ("Heckler' ady hem ulanyldy) franşizanyň iňlis dilindäki wersiýasy bolmal...
Jo Baýdeniň ogly rak keseli sebäpli kakasynyň agyr ýagdaýdadygyny aýtdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) öňki prezidenti Jozef Baýdeniň saglyk ýagdaýy agyrlaşdy. Bu barada onuň ogly Hanter Baýden BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda habar etdi.
«Rak keseli ymykly ýaýrap, süňklere we beýleki ýerlere-de ornaşdy. Bu gaty yzaly, köp tarapdan juda tapdan düşürýän kesel» diýip, ol kakasynyň çekýän derdi...
Google internetsiz işleýän göçme terjimeçini döretdi: ony her kimem ýasap biler
Google-yň inženerleri Gemma 4 E4B emeli aň modeliniň binýadynda elde göterilýän we özbaşdak işleýän terjimeçi enjamy döretdiler. Ol bir plataly Raspberry Pi 5 kompýuterinde işleýär we ilkinji sazlamalardan soň internet hem-de öýjükli aragatnaşyk bolmasa-da gepleşigi terjime edip bilýär diýip, Android Authority portaly habar berýär.
E...
Nissan Qashqai bir bak ýangyç bilen 1980 km aralygy geçdi
Nissan Qashqai e-Power gibrid krossoweri goşmaça ýangyç guýmazdan hem-de tokdan zarýad almazdan 1980 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol köpçülikleýin öndürilýän EREV krossowerleriň arasynda iň gowy netijäni görkezdi — beýle modellerde elektrik hereketlendiriji daşyndan zarýad alman, diňe kömekçi ulgam hökmünde ulanylýar.
VAR diňe baş eminde bar: Fransiýada wideokömegiň tygşytly görnüşi synagdan geçirildi
Fransiýanyň üçünji ligasyndaky «Oban» we «Týonwil» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda futbol taryhynda ilkinji gezek Football Video Support (FVS) ulgamy — VAR-yň ýönekeýleşdirilen görnüşi ulanyldy.
«Týonwiliň» baş tälimçisi Žýulýen Fransuanyň haýyşy bilen emin pursadyň wideogaýtalamasyny seljerip, oýnuň eýýäm bäşinji minutynda «Oban»...
Umman düýbündäki öý: Vanguard ilkinji ýaşaýjylaryna garaşýar
Adamzadyň ähli tehnologik ösüşlerine garamazdan, Ýer ýüzüniň 70%-den gowrak bölegini tutýan Dünýä ummanynyň çuňluklary henizem düýpli öwrenilmedi. Biz hatda ýakyn kosmosy hem ondan has içgin bilýäris.
400 km belentlikde, howasyz giňişlikde sagatda 28 164 km tizlik bilen aýlanýan Halkara kosmos stansiýasynda adam eýýäm çärýek asyrdan...
Heňlän äpet alma galyndysy Nýu-Ýorkuň seýilgähinde ýer almak isleýär
«High Line Art» maksatnamasynyň guramaçylary 2029-njy ýylda Nýu-Ýorkdaky «Haý-Laýn» seýilgähinde oturdyljak täze heýkeli saýlamak işine girişdiler. Dalaşgärleriň arasynda «Lezzetli gyzyl» diýlip atlandyrylan, heňlän äpet alma galyndysy hem bar.
Bu nýu-ýorkly heýkeltaraş Ketlin Raýanyň eseridir. Ol gymmat bahaly daşlary ulanyp, çüýrän...
Audi öz Q8-inden ýüz dönderenok: BMW X6-nyň bäsdeşinde heniz jan bar
Audi kompaniýasy Q8 kupe-krossoweriniň täze nesliniň üstünde işleýändigini tassyklady.
Kompaniýanyň baş direktory Gernot Dýöllner "Edmunds" gazeti bilen söhbetdeşlikde 2023-nji ýylyň güýzünde bu wezipä girişen wagtynda täze Q8-i çykarmak hakda hiç hili pikiriň bolmandygyny, ýöne täzeçe çemeleşmeden soňra taslama gaýdyp gelnendigini g...
UEFA-nyň prezidenti Astanada saýlanar
Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) 51-nji Kongresi 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Syýahatçylyk we sport ministrligi habar berdi.
«2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde Astana Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň ýokary ýolbaşçy we kanun çykaryjy edarasy bolan UE...
Audi öz Q8-inden ýüz dönderenok: BMW X6-nyň bäsdeşinde heniz jan bar
Audi kompaniýasy Q8 kupe-krossoweriniň täze nesliniň üstünde işleýändigini tassyklady.
Kompaniýanyň baş direktory Gernot Dýöllner "Edmunds" gazeti bilen söhbetdeşlikde 2023-nji ýylyň güýzünde bu wezipä girişen wagtynda täze Q8-i çykarmak hakda hiç hili pikiriň bolmandygyny, ýöne täzeçe çemeleşmeden soňra taslama gaýdyp gelnendigini g...
Audi öz Q8-inden ýüz dönderenok: BMW X6-nyň bäsdeşinde heniz jan bar
Audi kompaniýasy Q8 kupe-krossoweriniň täze nesliniň üstünde işleýändigini tassyklady.
Kompaniýanyň baş direktory Gernot Dýöllner "Edmunds" gazeti bilen söhbetdeşlikde 2023-nji ýylyň güýzünde bu wezipä girişen wagtynda täze Q8-i çykarmak hakda hiç hili pikiriň bolmandygyny, ýöne täzeçe çemeleşmeden soňra taslama gaýdyp gelnendigini g...
Türkiýede 2,5 müň ýyllap aýak astynda ýatan ýigit tapyldy
Türkiýäniň Manisa welaýatynda ýerleşýän gadymy Sardy şäherinde arheologlar möhüm açyş etdi. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan, 2,5 müň ýyl öň ýasalan, dik duran ýaş ýigidiň uly mermer heýkeli tapyldy.
Tapyndy barada ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ärsoý habar berdi.
«Boýy 2,2 metre ýetýä...
Netflix täze trilleri üçin mahabat tagtasyny ýaşaýyş jaýyna öwürdi
Netflix «Iň soňky öý» atly ylmy-fantastik trilleriň premýerasyna bagyşlap, Holliwudda üýtgeşik mahabat kampaniýasyny geçirdi. Entertainment Weekly neşiriniň ýazmagyna görä, mahabat tagtalarynyň biri hakyky öýe öwrülip, onda bir aktýor üç günläp ýaşady.
Tagta Sanset bulwary bilen Selma şaýolunyň çatrygynda takmynan dokuz metr beýiklik...
Ýaponiýaly oýlap tapyjy toprakdan, çörekden... garaz, hemme zatdan diýen ýaly tok almagy öwrendi
Ýapon senagat dizaýneri we inženeri Satosi Nakagawa dürli maddalardan — toprak bilen dökünden başlap, çakyr hem-de fransuz bagetine çenli önümlerden uly bolmadyk göwrümdäki elektrik energiýasyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi.
Onuň aýtmagyna görä, şeýle ulgam adaty energiýa çeşmeleriniň ornuny tutup bilmese-de, çetki sebitlerde...