Adam agzalarynyň aýdyşygy

Aýak:
Ir säherden başlap agşama çenli,
Eýäm egnime edýärin hopba.
Azajyk dynç alýan aralygynda,
Üýtgeşik gep tapsa, Delräp zat tapsa.
Ol bolmasa elmydama ýolma men,
Günüm kynrak, şeýleräjik halda men.

Gulak:
Eýýämiň kellesi uçar guş bolsa,
Mendirin ol guşuñ goşa ganaty. <...

Dowamy »

886 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago

Söý­gä jüp söý­gi me­niň jo­ga­bym

Dur­muş­da adam gat­na­şyk­la­ry ýa­ly gy­zyk­ly zat bar­my­ka? Sa­ňa düý­bün­den nä­ta­nyş adam­la­ryň soň­lu­gy bi­len, mäh­ri­ban adam­la­ra öw­rü­lip git­me­gi – yk­ba­lyň iň şow­ly sa­hy­pa­la­ry bo­lup, sa­ňa ju­da eziz ýat­la­ma bo­lup gal­ýar… Ýok, men adam­la­ryň ýan­ýol­da­şy ba­ra­da söh­bet aç­mak­çy däl. Baş­ga bir mu­kad­de­s­lik ha­k...

Dowamy »

798 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Kiçijik h e k a ý a l a r

Agzybir maşgala
Iki maş­ga­la goň­şu­lyk­da ýa­şa­ýan eken. Ola­ryň bi­rin­de är-aýal hä­li-şin­di öý­ke­le­şýän eken, beý­le­ki­sin­de bol­sa, he­mi­şe söý­gi, öza­ra dü­şü­niş­mek we agzybirlik hö­küm sür­ýän eken.
Öz­di­ýen­li öý bi­ke­si goň­şu­la­ry­nyň nä­dip ag­zy­bir ýa­şap bil­ýän­dik­le­ri­ne hiç-hi­li dü­şü­nip bil­män­dir...

Dowamy »

851 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Ne­si­hat­ly he­ka­ýa­lar

Söý­gi­niň hemralary

Bir ze­nan öýü­niň eý­wa­ny­na eşik ser­mä­ge çy­kan­da, how­lu­sy­nyň ag­zyn­da­ky ke­se otur­gyç­da dyz­la­ry­ny epen üç ýa­şu­la gö­zi düş­ýär.
– Eger-de siz ýa­daw bol­sa­ňyz, içe­rik gir­ip, çaý-suw içiň! – di­ýip, göw­na­çyk ze­nan mü­rä­het ed­ýär.
– Bi­ziň hem­mä­miz bi­le­lik­de öýe gi­rip...

Dowamy »

945 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Gysga hekaýalaryň ussady

Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy, «gys­ga he­ka­ýa­lar» žan­ry­nyň ta­ny­mal us­sa­dy O. Gen­ri­niň ha­ky­ky ady Wil­ýam Sid­neý Por­ter bo­lup, 1862-nji ýy­lyň 11-nji sent­ýab­ryn­da ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­ty­nyň Grins­bo­ro şä­he­rin­de luk­man maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Ol üç ýa­şyn­da­ka eje­si ara­dan çy­kyp, daý­za­sy­nyň ter­bi­ýe­...

Dowamy »

719 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Durmuşy öz bolşy ýaly kabul et

Durmuşy öz bolşy ýaly kabul et!
Durmuşy her kim özüçe düşünýär. Kimler üçin onuň lezzetleri basym
tükenýär. Aladalar tiz ýadadýar. Ýüzleri gamaşdyrýar. Her günüň özi müň öwsüp
duran ýaly, hamana ähli zat gussa bilen ýugrulan, kösençlik bilen garylan ýalydyr.
Kimiň ýanynda eglenseň, derrew göwnüňe degjek bir söz suňşu...

Dowamy »

925 2
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago

"Gyz tisgindi, Özem ýaman tisgindi.."

PURSAT

Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi,
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi,
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.

Bütin durky bilen sygjak ol häzir
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
«Eý-ho!
Eý-ho, hakyt, şeý di...

Dowamy »

836 0
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

"SÖÝGI PURSATLARY"

SÖÝGI PURSATLARY

Söýgi bir gün bir janana öwrülip,
Näz-kereşme bolup ýanyma geldi.
Demi bilen çoýup meniň kalbymy,
Gollaryny çolap boýnuma saldy.

Yzyna düşürip äkitdi soňam,
Onuň posalarna boldum men maýyl.
Süýji-süýji sözler diýdi pyşyrdap,
Ýene-de kän gowluk boldy meň paýym.<...

Dowamy »

776 0
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

AHMET ÝASAWY WE ONUŇ ESERLERI HAKYNDA GYSGAJYK KYSSALAR

Nirede görseň göwni galany, mehlem bol,

Şonuň ýaly gaýgyly ýolda galsa, ýoldaş bol.



Sansyz-sajaksyz şygyrlary bolan we sopyçylykda türki dillerinde gepleýänleriň düşünip biljek dilinde şygyrlar ýazmaklygyň kerwenbaşysy hasaplanýan Ahmet Ýesewi, häzirki güne çenli gelip ýeten maglumatlar...

Dowamy »

828 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Adam­la­ry söý­mek – uly hü­när­dir…

Elim­de Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň ki­ta­by. Se­tir­le­ri yzar­lap otyr­kam, göz­le­rim bi­yg­ty­ýar iki se­tir­de sak­lan­dy ga­laý­dy.

Adam­la­ry söý­mek – ýe­ňil iş däl­dir,
Adam­la­ry söý­mek – uly hü­när­dir…

Bu se­tir­ler, me­ge­rem, di­ňe me­ni däl, okan her bir ada­my pi­kir­len­dir­ýän bol­ma­ly. Çyg­ry...

Dowamy »

870 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Yk­ba­lyň peş­ge­şi

(He­ka­ýa)
Bu şa­ýy­lyk­la­ryň her bi­ri­si bak­gal, gök sa­ty­jy we gas­sap bi­len söw­da­la­şy­lyp jem­le­nip­di. Bir dol­lar seg­sen ýe­di sent. Hem­me­si şu­lar­dy. Onuň alt­myş sen­ti hem bir sent­lik şa­ýy­lyk­lar­dan yba­rat­dy. Kä­wagt sa­ty­jy­la­ryň özü­ni gys­ganç­lyk­da aýyp­la­ma­la­ryn­dan äti­ýaç edip, utan­jyn­dan ýü­zi gy­za...

Dowamy »

771 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Meş­hur sa­zan­da­la­ryň dur­mu­şyn­dan

Sy­na­ny­şyp gö­rä­ýiň…
Ýaş Mo­sart ýe­di ýa­şyn­da­ka Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde kon­sert be­ren­de, on dört ýaş­ly bir ýet­gin­jek onuň ýa­ny­na ge­lip­dir.
– Siz ga­ty üýt­ge­şik saz çal­ýar­sy­ňyz! Men hiç ha­çan şu­nuň ýa­ly saz çal­ma­gy öw­re­nip bil­me­sem ge­rek.
– Nä­me üçin? Siz he­niz ýaş ahy­ryn. Sy­na­ny­ş...

Dowamy »

754 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Yn­san bol­ma­gyň ka­da­la­ry

1. Siz bu dün­ýä gel­ýär­si­ňiz. Siz öz keş­bi­ňi­zi sö­ýüp ýa-da söý­män bi­ler­si­ňiz, ýö­ne ýa­şan döw­rü­ňiz­de he­mi­şe onuň bi­len bi­le ga­lar­sy­ňyz.
2. Siz sa­pak alar­sy­ňyz. Siz dur­muş diý­lip at­lan­dy­ry­lan res­mi bol­ma­dyk gi­je-gün­diz oka­dyl­ýan mek­de­be ka­bul edil­di­ňiz. Her gün bu mek­dep­de si­ze sa­pak al­ma­ga müm...

Dowamy »

739 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Gubernatorlyga saýlawlar / satiriki hekaýa

GUBERNATORLYGA SAÝLAWLAR

Mundan bir näçe aý ozal Garaşsyzlar partiýasy beýik New-Ýork ştatiniň gubernatory wezipesine meň dalaşgärligimi goýdy. Başka iki partiýa mister Stýuart A. Budfort we mister Jon T.Gofmanyň dalaşgärligini goýdy. Emma bu jenaplara garanda mendäki möhüm üstünlik, tegmilsiz at-abraýdy. Ikisiniňde "men" diýen döwü...

Dowamy »

974 6
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago

Gysga hekayalar

Ja­han­keş­de

Men oňa ýo­luň çat­ry­gyn­da ga­bat gel­dim. Bu ada­myň eg­nin­de ýa­pyn­ja­sy, elin­de bol­sa, ha­sa­sy bar­dy. Onuň köp hor­luk çe­ken­di­gi ýü­zün­den bil­dir­ýär­di. Ho­şa­maý sa­lam­la­şa­ny­myz­dan soň, men oňa:
– Öýe ba­ra­ly, bi­ziň myh­ma­ny­myz bol! – di­ýip, tek­lip et­dim.
Ol yla­laş­dy. Aýa­ly...

Dowamy »

813 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago

Şeýle boljakmyş

Ýene 10 ýyldan şeýle boljakmyş:
Gyz tarap oglana sawcy barjakmyş,
Hindileň şol däbi bize geljekmiş.
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.

Gyzlaryň yzyndan barmaly dälmiş,
Näzlerini çekip ýörmeli dälmiş,
Galyň diýlen zadam bermeli dälmiş,
Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.

Bo...

Dowamy »

907 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago

Meňzetmek / satiriki hekaýa

MEŇZETMEK

Men bir näçe ýyl owal Nýu-Ýorkdaky Selemanka şäherçesine geldim. Bu ýerde men otlymy çalşyp ýatyş orunly wagona münmelidim. Münüş meýdançasy adamdan doly, olaryň hemmesi bir eýýam dolan, uzyn wagona münmäge synanyşýardy. Men ýolpetek satylýan ýerde oturan adamdan:
”Ýatyp gitmek üçin ýer alyp bilermikam?" diýip sorad...

Dowamy »

930 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 3 years ago

Her bir zady öz wagtynda etmäge çalşyň

Bir ýagşyzada bilen otuz ýyl bäri tikinçilik kärini ýöredýän adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär:
- Günäkär halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň?
- Ölüm gelip ýetýänçä, entek wagt bar, toba eder ýöreris-dä.
- Sen näçe ýyl bäri tikinçi bolup işleýärsiň?
- Otuz ýyl.
- Şu wagta çenli eliň iň köp...

Dowamy »

1266 1
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago

“Bagyşla mugallym”

“Bagyşla mugallym”

Bagyşla,mugallym diňlemändirin,
Seň jan edip beren leksiýaňy men.
Şol säwlikden häli-hälem kösenýän,
Kän gowy bilemok leksiýämy men

Şeýle boljagyny aňýardym öňden,
Men närza däl,zerurlygy duýşumdan.
Ýöne welin şonda-da men sözleňi,
Geçiripdirin gulagymyň duş...

Dowamy »

824 1
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

"Sen nirede?"

SEN NIREDE

Gözleglerim şowsuz meniñ,
Barmyka ýa ilden kemim.
Boýma boý, deñme-deñim,
Sen nirede, sen nirede?

Aýsyz gijeler garañky,
Zaryñdan dünýäm garaldy.
Saçlarmy şemal darady,
Sen nirede, sen nirede?

Göwnümi ynjydýar ýyllar,
Doñan ýürek haçan ýylar?!

Dowamy »

823 0
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago