Durmuşy öz bolşy ýaly kabul et!
Durmuşy her kim özüçe düşünýär. Kimler üçin onuň lezzetleri basym
tükenýär. Aladalar tiz ýadadýar. Ýüzleri gamaşdyrýar. Her günüň özi müň öwsüp
duran ýaly, hamana ähli zat gussa bilen ýugrulan, kösençlik bilen garylan ýalydyr.
Kimiň ýanynda eglenseň, derrew göwnüňe degjek bir söz suňşurar: ene-ata ýa-da
hossar, aýal, gaýyn-guda, dost-ýar, öý, ojak, wezipe, hünär... garaz, ilteşigiň bolan
her bir adamda ýa-da ýagdaýda lapyňy keç edýän bir zatlary taparsyň. Käte
zyýany-zeleli hem deger. Bu duýgulardan başbitin halas bolmak üçin ýekeje ýol
bar: şeriň howruny haýryň salkynlygy bilen öçürmeli.
Her bir zadyň ikä bölünmegi, görnüş, topar babatda iki dürli bolmagy, haýyr
we şer, düzüwlülik we bozuklyk, şatlyk we hesret... islendik zadyň ýanynda onuň
gapma-garşylygy hem bardyr. Onda sen bu durmuşa birtaraplaýyn seretme. Eger
bir tarapyna seretjek bolsaň, onda diňe gowy tarapyna üns ber. Hakyky öz bolşuň
ýaly ýaşa, ham-hyýallara per berme-de, nusgalyk älemlerde ganat ýaý. Dünýäni,
durmuşy hakyky öz bolşy ýaly gör (kabul et). Özüňi durmuş bilen sazlaşykly we
utgaşykly ýaşamaga boýun et. Bu dürli öwüşginli we öwüsginli durmuş ahyry,
haýsydyr bir dostuň ähli ýerde göwün diýeniňçe bolman biler. Işleriň biri pikir
edişiňçe ugrukman biler. Eger päklik, kämillik we büs-bütinlik ýaly sypatlar her
bir zada mahsus bolsa, onda durmuşyň duzy-gyzygy gaçar ahbetin. Hat-da söýüp-
saýlan ýanýoldaşyňam kämil bolman biler, ýöne hadyslaryň birinde "Mömin erkek
ýanýoldaşyna käýinmesin (zeýrenmesin), onuň bir häsiýetini halamasa, beýleki bir
häsiýetinden razydyr" diýilýär.
Diýmek, ýöreýän durmuş ýollarymyzy dogrulalyň. Birek-birekden uzak
durmalyň, ýakynlaşalyň. Geçirimlilik edeliň we goldalyň. Miýesser edenini alalyň.
Kyn düşen ýerini arkalaşyp geçeliň. Käte gözümizi ýumalyň. Haýyrly tarapynyň
agdyk boljakdygyny bilsek, onda käbir işleri görmezlige salalyň. Durmuşy diňe
gowy tarapyndan synlamaga endik edeliň...

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir