PERIŞDÄNIŇ PÄKLÄN YNSANY

Türkmen halkymyzda sözüň piri hasaplanylýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň diňe bir paýhas dürdänesi bolan şygyrlary däl, eýsem, onuň özi hakyndaky rowaýatlar hem halkyň diliniň senasydyr. Beýik söz ussadymyzyň sarpasyny hasda belende göterýän şol rowaýatlar hem şahyrana döredijiligi deýin nesillerden nesillere geçip gelýär. Il arasyndan eşiden şu täsin rowaýatymy hem mirasgäriň baş maksadyndan ýagny, ilden alyp ile ýetirmekden ugur alyp, köplere ýetirmäge howlukdym. Bu täsin rowaýat “Maru — şahu jahanyň” okyjylarynda hem gyzyklanma döretse gerek.

Magtymguly ömrüniň ahyrynda hassa halda ýatyrka obanyň aksakaly ony soramaga gelipdir. Ol pessaý söz bilen şahyra göwünlik berip, gaýtjak bolanda oňa soragly nazaryny gönükdirip, şeýle diýip, sorapdyr:
— Magtymguly, eziz gardaş! Bizä bir ýumuş adamsy. Hiç kimse panyda baky galýan däldir. Onsoňam, bizi bagyşla! Biz borjumyzy ýerine salmaly. Senem bir gün hata bolaýsaň, jesediňi kime päkledeli?! Sargydyň bolsa aýtgyl!

Onda Magtymguly:
— Düşünýän! Şo gün gaýraky ýoldan ötegçileriň arasynda bir ak eşekli, ak selleli, ak sakgally kişi bolar. Eli işli bolup, kyn, gyssag görsede ony çagyryň! — diýip, sargyt edipdir.

Bu gürrüňden soň, bir gün Magtymgulynyň kazasy dolup, dünýeden gaýdýar. Obanyň aksakaly merhumyň sargydyny bitirjek bolup, gaýraky ýola çykýarda ötegçileri birme bir synlap oturyberýär. Inede salgy berlen ak eşekli, ak selleli, ak sakgally nurana kişi görünýär. Obanyň aksakaly ýanynda hyzmata gaýym bolup duran daýanykly, egninde oturybermeli ýigitleriň ikiüç sanysyna ol kişini görkezip, ony Magtymgulynyň jesediniň ýatan otagyna alyp barmagy berk sargaýar. Ýigitler ýaňky kişini ýolda saklap, saglykamanlyk soraşanlaryndan soň, habarlaryny aýdýarlar:
— Ogullarym, men gaty gyssagly barýardym. Siz başga birini gözläýmeseňiz — diýip, ýaňky ötegçi kişi jogap berenden ýigitler onuň erkineygtyýaryna bakman, ony göterip diýen ýaly diýlen ýere getirýärler.
Şeýlelikde, ol kişi jesedi päklemek işine girişmeli bolýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ol kişi adam keşbine giren perişde bolmaly. Ol jesedi päkleýärkä, geçip barýan adamlaryň biri gapyda galan yşdan şeýle ahwalaty görýär. Perişde jesediň bir gapdalyny päkläp bolýar da, şeýle diýýär:
— Tur aýt! Beýdip ýatmada, beýläňe aýlan! Sen bizi arşdaperşde goýmadyň! — diýýär.
Şondan soň, jeset dikelip oturýar da, beýlesine öwrülip ýatyberýär. Bu ahwalaty gözi bilen gören adam begenjinden:
— Biziň Magtymgulymyz ölmändir, ol diri! Ýapýaňy oturyp, beýlesine öwrüldi! — diýip, gygyryberipdir.
Obanyň aksakaly içerdäki kişiniň bihal däldigini ozal hem aňan bolara çemeli: “Goý, aýyp bolar! Beýle zat bolup bilmez!” diýip, käýinjiräp, ýaňky adamy utandyrypdyr.

Magtymguly atamyzyň “Turgul diýdiler” we beýleki käbir şygyrlaryndan belli bolşy ýaly, ol diri wagtynda perişdeler, ýagşyzadalar bilen gatnaşykda bolupdyr diýen düşünje halk arasynda bar. Şoňa göräde, bu rowaýat hem hakykat ýaly bolup ýaňlanýar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir