Söý­gi­niň hemralary

Bir ze­nan öýü­niň eý­wa­ny­na eşik ser­mä­ge çy­kan­da, how­lu­sy­nyň ag­zyn­da­ky ke­se otur­gyç­da dyz­la­ry­ny epen üç ýa­şu­la gö­zi düş­ýär.
– Eger-de siz ýa­daw bol­sa­ňyz, içe­rik gir­ip, çaý-suw içiň! – di­ýip, göw­na­çyk ze­nan mü­rä­het ed­ýär.
– Bi­ziň hem­mä­miz bi­le­lik­de öýe gi­rip bil­me­ýä­ris – di­ýip olar jo­gap ber­ýär­ler.
– O nä­me üçin? – di­ýip, öý bi­ke­si geňirgenýär.
Ýa­şu­lu­la­ryň bi­ri: – Onuň ady “Baý­lyk”, mu­nyň­ky “Sag­lyk”, me­niň adym bol­sa, “Söý­gi” – di­ýip, öz­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ran­soň, şeý­le diý­ýär:
– In­di bol­sa, ýan­ýol­da­şyň bi­len bi­ziň haý­sy bi­ri­mi­zi myh­man al­jak­dy­gy­ňyz ba­ra­da mas­la­hat ediň!
Ga­py­dan be­ge­nip gi­ren aýa­ly, adam­sy­na bo­lan zat­lar ba­ra­da gü­rrüň ber­ýär. Adam­sy mu­ňa ga­ty be­ge­nip:
– Bü-ýä oňat bo­laý­dy. Saý­la­ma­ly bol­sa nä­me, oza­ly bi­len “Baý­ly­gy” ça­gy­ra­ly. Goý, ol öýü­mi­zi baý­lyk bi­len dol­dur­syn! – diý­ýär.
Aýa­ly pi­kir­le­nip:
– Ga­dyr­dan, “Sag­ly­gy”, ça­gyr­sag-a has-da göw­ne­jaý bo­lar­dy – diý­ýär.
Ola­ryň gür­rüň­le­ri­ni diň­läp otu­ran ki­çi­jik gy­zy:
– Ýog­sa-da, biz nä­me üçin “Söý­gi­ni” ça­gyr­ma­ly däl? Goý, bi­ziň öýü­miz­de he­mi­şe söý­gi hö­küm sür­sün! – di­ýip, şat­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar.
– Beý­le bol­sa gy­zy­myz bi­len ra­zy­la­şaý­mak gal­ýar. Bar-da, “Söý­gi­niň” bi­ziň myh­ma­ny­myz bol­ma­gy­ny so­ra – di­ýip, ho­ja­ýyn aýa­ly­na ýüz­lenýär. Aýaly da­şa­ryk çy­kyp, üç ýa­şu­la garap:
– Si­ziň haý­sy bi­ri­ňiz “Söý­gi” bol­sa­ňyz, içe­rik gir­iň, myh­ma­ny­myz bo­luň – diý­ýär. “Söý­gi” at­ly ýa­şu­ly içe­rik ýö­ne­len­de, beý­le­ki iki ýa­şu­ly hem onuň yzy­na dü­şü­be­rip­dir. Geň ga­lan ze­nan ýa­şu­lu­la­ra ýüz­le­nip:
– Ha­ny si­ziň di­ňe bi­ri­ňiz içe­rik gi­rip bil­ýän­di­gi­ňi­zi aý­dyp­dy­ňy­z ahy­ryn? – diý­ýär.
– “Baý­ly­gy” ýa-da “Sag­ly­gy” ça­gy­ran bol­sa­ňyz, beý­le­ki iki­miz da­şar­da ga­lar­dyk, ýö­ne siz “Söý­gi­ni” ça­gyr­dy­ňyz. Biz bol­sak, “Söý­gi” ni­rä git­se, el­my­da­ma onuň ýa­nyn­dan aý­ryl­ýan däl­di­ris. Biz onuň hem­ra­la­ry­dy­rys. Ni­re­de söý­gi bar bol­sa, şol ýer­de-de baý­lyk we sag­lyk mes­gen tut­ýan­dyr – di­ýip, ýa­şu­lu­lar işikden ätläpdirler.

Enä­niň öwü­di

– Eje­jan, men ýanýoldaşymyň bolşuna sa­byr edip bil­jek däl. Ol büs-bü­tin öz­ger­di, ma­ňa dü­şü­ne­si ge­le­nok, sy­la­nok we my­da­ma meniň bi­len öýkeleşýär. Göw­nü­me bol­ma­sa ol men­den bar­ha so­waş­ýar – di­ýip, ýaş ze­nan eje­si­niň ýa­nyn­da zeý­re­nip­dir.
– Gy­zym, ýog­sa-da ony özüň sy­la­ýaň­my? Oňa dü­şün­jek bol­ýaň­my? – di­ýip, eje­si ga­tyr­ga­nyp­dyr.
– Eý­sem, ol ga­har­la­nyp-da, men ga­har­lan­ma­ly däl­mi? Ol ma­ňa nä­hi­li bol­sa me­nem oňa şo hi­li bo­run-da. Eger-de, ol me­ni sy­la­ma­sa, men ony sy­la­ma­ga borç­ly däl ahy­ryn. Eger-de ol ma­ňa dü­şün­me­se, on­da nä­me üçin men oňa dü­şün­jek bol­ma­ly? – di­ýip, gy­zy dil­le­nip­dir.
– Beý­le bol­sa gy­zym seniň alan ga­la­ň bol­maz. Se­niň hä­zir­ki bol­şuň edil ýüz gö­rül­ýän aý­na çalym edýär, sen di­ňe ýan­ýol­da­şyň ýal­ňyş­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­ýar­syň. Ýö­ne sen aý­na­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, di­ňe gör­ýän zat­la­ry­ňy däl-de, gör­ünmeýän zat­la­ry­ hem ýan­ýol­da­şy­ňa gör­ke­zip bil­ýäň ahy­ryn. Eger-de sen go­wy bol­saň, ol hem go­wy bol­ma­ga jan eder. Eger-de sen ony sy­la­saň, ol hem se­ni sy­lap baş­lar. Eger-de sen söý­gi bil­dir­seň, ol hem se­ni sö­ýer. Ze­nan ýan­ýol­da­şy­na özü­niň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri­ni gör­mäge kö­mek et­me­li­dir.

Suratkeş

Bir­wagt­lar hö­wes­jeň su­rat­ke­şiň eser­le­ri­ne köp­ler kem­ba­ha be­rip­dir. Ta­nyş­la­ry onuň ýa­ny­na ge­lip, onuň çe­ken su­rat­la­rynyň bol­ma­ýan ýer­le­ri­ni sa­nap­dyr­lar. Bu­la­ryň bol­şun­dan irip baş­lan su­rat­çy, bir gün äh­li çe­ken kar­ti­na­la­ry­ny di­war­dan asyp go­ýup­dyr. Ol ta­nyş­la­ry­nyň ählisine çe­ki­len su­rat­la­ryň ke­mi­ni dü­zet­mek üçin ýan­la­ry bilen çot­ka we reňk alyp gel­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip­dir.
El­bet­de, ola­ryň bi­ri hem ol ýer­de ga­ra ber­män­dir. Çün­ki kem­ba­ha ber­mek aň­sat, ýö­ne ony dü­zet­mek kyn.

Top­lan Hal­ly­gül Ba­ka­şo­wa,
Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Et­rek et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy­nyň ki­tap­ha­na­çy­sy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir