Agzybir maşgala
Iki maş­ga­la goň­şu­lyk­da ýa­şa­ýan eken. Ola­ryň bi­rin­de är-aýal hä­li-şin­di öý­ke­le­şýän eken, beý­le­ki­sin­de bol­sa, he­mi­şe söý­gi, öza­ra dü­şü­niş­mek we agzybirlik hö­küm sür­ýän eken.
Öz­di­ýen­li öý bi­ke­si goň­şu­la­ry­nyň nä­dip ag­zy­bir ýa­şap bil­ýän­dik­le­ri­ne hiç-hi­li dü­şü­nip bil­män­dir we ola­ra gö­rip­lik edip ug­rap­dyr. Bir ge­zek ýaň­ky aýal ärin­den goň­şu­la­ry­nyň­ka ba­ryp, nä­me üçin ola­ryň dur­mu­şyn­da äh­li za­dyň gü­la­la-gül­lük­di­gi­ni anyk­la­ma­gy tab­şy­ryp­dyr.
Er­kek ki­şi il­ki goň­şu­sy­nyň pen­ji­re­si­ne go­laý ba­ryp, içe­rä ýu­waş­lyk bi­len göz aý­la­ýar. Onuň göz­le­ri şka­fyň üs­tün­dä­ki to­zan­la­ry sü­pü­rip ýö­ren aýa­la düş­ýär. Şol wagt te­le­fon jyň­ňyr­da­ýar, aýal al­ňa­sap elin­dä­ki gym­mat ba­ha­ly gül­da­ny ga­pyň gap­da­lyn­da­ky sto­luň gy­ra­sy­na go­ýup, te­le­fo­ny gal­dyr­ýar. Şol wagt ota­ga gir­ip ge­len adam­sy­nyň eli at­dan­lyk­da gül­da­na deg­ýär. Gym­mat ba­ha­ly gül­dan ýe­re ga­çyp, kül-uşak bol­ýar.
Bo­lup du­ran zat­la­ry syn­lap du­ran goň­şu­sy:
– Ine, in­di ha­ky­ky to­ma­şa tur­sa ge­rek – di­ýip, öz ýa­nyn­dan pi­kir ed­ýär.
Em­ma aýa­ly te­le­fo­ny go­ýan­soň, adam­sy­nyň ýa­ny­na ba­ryp, ýu­waş­lyk bi­len:
– Ba­gyş­la, ezi­zim! Bu me­niň gü­näm bi­len bol­dy, gül­da­ny içi­räk goý­man­dy­ryn – di­ýip, müý­nür­ge­ýär. Şon­da äri oňa şeý­le jo­gap ber­ýär:
– Ezi­zim, gaý­tam sen me­ni ba­gyş­la! Ony gör­män­li­gim me­niň gü­näm!
Goň­şu­sy la­py­keç hal­da öýü­ne do­la­nyp gel­ýär. Aýa­ly goň­şu­sy­nyň maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­nyň sy­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar. Adam­sy oňa:
– Bil­ýäň­mi nä­me, ola­ryň maş­ga­la­syn­da hem­me­ler gü­nä­kär, biz­de bol­sa, ter­si­ne hiç ki­miň ýa­zy­gy ýok – di­ýip, jo­gap ber­ýär.

Agaç oka­ra
Garrap tap­dan düşen bir goja og­lu­nyň öýü­ne gö­çüp barypdyr. Go­ja bu maş­ga­la bi­len bir sa­çak­da otu­ryp na­har­lan­yp ug­ra­ýar, ýö­ne onuň göz­le­ri­niň kü­tek­li­gi, tit­re­ýän el­le­ri, na­har­lan­ýan wag­ty kyn ýag­da­ýa sal­ýar­dy. Elin­dä­ki çem­çe­si­ni ýa-da süýt­li bul­gu­ry­ny dog­ry sak­lap bil­män, sa­ça­gy ha­pa­la­ýar­dy. Go­ja­nyň bu dü­şen ha­ly og­lu­na we gel­ni­ne ýa­ra­ma­ýar­dy.
Ahy­ry og­ly:
– Biz ahyr bir zat­lar et­me­l-ä bol­jak – di­ýip, di­llen­ýär. – Men in­di onuň ala-ta­kyr­dy bo­lup na­har iý­şin­de­nem, sa­ça­ga na­har dö­küp ha­pa­laý­şyn­da­nam ha­lys be­zik­dim.
Är-aýal ota­gyň bir kün­jün­de go­ja üçin, ki­çi­jik stol goý­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, ol ýer­de go­ja­nyň ýe­ke özü­ni otu­rdyp, na­har be­rip ug­ra­ýar­lar. Är-aýal bol­sa, eden iş­le­ri­ni dog­ry ha­sap­lap, öz stol­la­ryn­da na­ha­r edin­ýär­ler. Go­ja ozal iki ge­zek ta­bak dö­wen­soň, oňa in­di agaç oka­ra­da na­har äber­ýär­ler.
Bäş ýaş­ly og­lan­jyk se­si­ni çy­kar­man, bol­ýan zat­la­ry da­şyn­dan syn­lap ýö­ren eken. Bir gün og­lan­jyk ata­sy­nyň ýü­zü­ne se­re­den­de, onuň göz­le­ri­ne ýaş aý­la­nan­dy­gy­ny gö­rüp gynanýar. Şol gün ag­şam­lyk­dan öň, og­lan­jy­gyň ka­ka­sy og­lu­nyň agaç bö­le­jik­le­rin­den bir zat­lar ýa­sap otu­ran­dy­gy­ny gö­rüp, oňa mä­hir bi­len ha­bar gat­ýar:
– Og­lum, sen nä­me ýa­sap otyr­syň?
Og­lan­jyk ynam bi­len:
– Men ki­çi­jik oka­ra ýa­sa­ýan, ula­lam­soň ene-atama şu oka­ra­jyk­da na­har äber­jek – di­ýip, ýyl­gyr­ýar-da, ýe­ne-de öz işi­ne güm­ra bol­ýar. Bu söz­ler är-aýa­ly şeý­le bir ala­sar­myk ýag­da­ýa sal­ýar we­lin, olar bi­ri-bi­ri­niň ýü­zü­ne se­re­di­şip, doň­ňa­ra da­şa dön­ýär­ler. Hem­me za­da dü­şü­nen är-aýa­lyň ýa­ňa­gyn­dan göz­ýaş­lar sy­ry­gyp gaýt­ýar. Olar as­sy­ryn­lyk bi­len go­ja­nyň elin­den tu­tup, edep bi­len maş­ga­la sto­lu­nyň ba­şy­na ge­çir­ýär­ler. Şon­dan soň­ra hem­işe bi­le­lik­de na­har­lan­yp ug­ra­ýar­lar. Nä­me üçin­dir, in­di çar­şak gaç­sa-da, süýt dö­kül­se-de ýa-da sa­çak ha­pa­lan­sa-da, är-aýal hiç-hi­li ün­jä gal­ma­ýar­dy.

Edebiýat, 12 tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir